«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti indi ýigrimi ýyla golaý wagt bäri halkymyzy mobil aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edip gelýär. 2004-nji ýylda «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy döredildi. TMCELL 43802 indeks belgisi bilen hasaba alnan bu kompaniýa Bütindünýä öýjükli aragatnaşygyň GSM standartynyň agzasydyr.
Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk kärhanasy açylan pursatyndan başlap sanly ulgamlar ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda edaralarda, kärhanalarda we guramalarda, şeýle hem bank ulgamlarynda we aýry-aýry telekeçiler tarapyndan giňden ulanylyp başlady. Bu işde «Altyn asyr» ÝGPJ-niň paýyna möhüm wezipe düşýär. Ol sanly ulgamlara esaslanmak bilen, ykdysady pudaklary ösdürmäge, olary döwrebaplaşdyrmaga we yzygiderli kämilleşdirmäge gatnaşýar.
«Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň tutuş ýurdumyz boýunça mobil aragatnaşygyň dürli ugurlarynda 4 müňden gowrak iberiş we kabul ediş bekedi bar.
Jemgyýetiň hünärmenleri ýurdumyzyň öýjükli aragatnaşyk ulgamyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, ilata döwrebap, kämil hyzmatlary hödürlemegiň we täze taslamalaryň üstünde işleýärler. Häzirki wagtda dünýäniň iň uly şereketleri bilen öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we täze hyzmatlary ornaşdyrmak boýunça şertnamalar baglaşyldy. Enjamlar ýurdumyzyň çägine getirildi, iň täze dünýä ülňülerine laýyklykda öndürilen enjamlary oturtmak we işe girizmek hünärmenler tarapyndan tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýar. Welaýat merkezlerinde we oba ýerlerinde ýokary tizlikli internet hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek üçin ähli tagallalar edilýär.
Bu işleriň durmuşa geçirilmegi bilen «Altyn asyr» ÝGPJ öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat binýady doly kämilleşdiriler. Bu bolsa döwletimizde öýjükli ulgamy innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürmek, ulanyjylara iň döwrebap hyzmatlary hödürlemek we internet ulgamyna birikme tizligini ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
Aragatnaşyk hyzmatlaryny Gün energiýasy üpjün edýär
Elektrik energiýasy bilen üpjün edilmedik uzak oturymly ýerlerde Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän ulgamlardan peýdalanýan kabul ediş we iberiş enjamlary oturdylýar. Innowasion enjamlaryň alynmagy bilen barmasy kyn we az ilatly ýerlerde, şeýle hem Garagumuň çetlerinde ýerleşýän obalarda öýjükli aragatnaşyk we internet hyzmatlaryny bermek mümkinçiligi döredi.
«Altyn asyr» türkmen kölüniň ýakasynda gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän enjamlaryň kömegi bilen öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň üznüksiz ulanylmagyny üpjün edýän kabul ediş-iberiş nokatlar döredildi.
Hünärmenler gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän ulgamlary giňden ulanmak we gün panellerini satyn almak boýunça uly iş alyp barýarlar.
Tmchat mobil goşundysy hakynda
«Altyn asyr» ÝGPJ-niň müşderi sanynyň yzygiderli artmagy olar bilen aragatnaşygy aňsatlaşdyrjak we döwrebaplaşdyrjak, maglumat bukjalaryny alyş-çalyş etjek, şeýle hem milli programma öňümlerini döretjek ilkinji milli internet bülleteniniň döredilmegini talap etdi. Tmchat mobil goşundysy döredildi. Bu mobil programma üpjünçiligi internet arkaly gönüden-göni habar alyşmaga, toparlaýyn söhbetdeşlikler guramaga, sesli we wideoly jaň etmäge, şeýle hem dürli görnüşli elektron faýllary ibermäge we almaga mümkinçilik berýär.
«Altyn asyr» dünýäniň 164 ýurdy we 312 operatory bilen halkara rouming hyzmatlaryny amala aşyrýar. Şunuň bilen bagalanyşyklylykda, müşderiler «TM Cell» operatorynyň toruny dünýäniň islendik ýerinde ulanyp bilerler.
- «TMCELL şahsy otag» hyzmaty – hasaby elektron suratda doldurmak, nyrhlary üýtgetmek, internet bukjalary birikdirmek, islege görä hyzmatlary birikdirmek we aýyrmak ýaly hyzmatlar işe girizildi.
- «Mobil TW TMCell» – bu hyzmatyň çäginde siz LTE we UMTS torlarynda teleýaýlymlara tomaşa edip bilersiňiz.
- TMCell Saz – LTE we UMTS ulgamlarynyň toruna çäksiz aýdym-saz ulgamy girizildi.
- «Online töleg» ady bilen müşderiler üçin hasaby karz pul bilen doldurmak hyzmaty doly girizildi.