Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň mümkinçiliginiň açylmagynyň möhümdigini belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň mümkinçiliginiň açylmagynyň möhümdigini belledi

view-icon 4263
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlaryň mümkinçiliginiň açylmagynyň möhümdigini belledi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berdi.

«Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip kesgitledik» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ýaşlarymyzy terbiýelemäge we goldamaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir. 

«Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz döwletiň ýaşlara mümkinçilikleriniň açylmagyna we şahsyýet hökmünde kemala gelmegine kömek bermek üçin ähli şertleri döretmelidigini, ýaş raýatlara ýaşaýyş jaýlary we bilimleri ele almak elýeterli bolmalydygyny, olary iş bilen üpjün edip, telekeçiligi ösdürmegi, şeýle-de ýaş maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermelidigini aýratyn belledi. 

«Bu bolsa ýaş adamlaryň sebitleri we tutuş ýurdumyzy dolandyrmaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berer. Prezidentiň ätiýaçdaky ýolbaşçy düzümini döretmek boýunça işleri geçirmek hem zerurdyr» – diýip döwlet Baştutanymyz belledi. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň özgertmeleriň esasy strategik güýji bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, ýene-de birnäçe wagtdan ýaş nesilleriň gerdenine geljekde ýurdumyzy dolandyrmak wezipesi düşer. Munuň üçin olardan maksatlara ýetmekde hakyky watançylyk, ýokary hilli bilim almak we yhlasly zähmet çekmek talap edilýär. 

«Ýaş nesiller Türkmenistany ösdürmekde aýgytly orny eýelemelidirler, ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidirler» – diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.