Her ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Esasy dabaralaryň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde baýramçylyga bagyşlanan çäreler guralýar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek bilen!» atly geçirilen maslahata milli diplomatiýanyň köp ýyllyk tejribesi bolan wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa bölüminiň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, taryhy ylymlaryň doktory, professor Amangeldi Rahmanow we Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Sapar Berdinyýazow ýurdumyzyň diplomatiýasynyň ösüşi we türkmenleriň Bitaraplygynyň aýratynlygy barada çykyş edip, öz tejribelerini paýlaşdylar.
Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleri hem çykyş etdiler.
Ýakynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeňleri bilen bilelikde «Dialog – parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň türkmen diplomatiýasyndaky ähmiýeti» atly çäre geçirdi.
Bu çärede ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň weteranlary, belli syýasatçylar, ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzyň tutuş dünýäde parahatçylyk dörediji ýurt diýlip tanalýandygy aýratyn bellenildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän döredijilikli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm goşant goşýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 77/32 kararnamasyna laýyklykda 2023-nji ýyl ̶ «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edildi.
Çäräniň ahyrynda ylmy işgälere we diplomatiýanyň wekillerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.