Ï Döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýady

view-icon 7050
Döwlet bilen raýatyň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýady

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň milli kanunçylygymyzy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryny yerine yetirmek ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.

Kanunyň hökmürowanlygy bellenilen ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň kanunçylyk binýadynyň has-da kämilleşdirilmegi maksady bilen täze kanunçylyk namalary kabul edilýär.

Şolaryň hatarynda her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanun bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga berjaý edilmeginde Türkmenistanyň «Administratiw önümçilik hakynda» Kanuny möhüm ähmiýete eyedir.

Bu Kanunda administratiw edaranyň raýatlaryň ýüztutmalary boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludygy beyan edilýär.

Şonuň ýaly-da, administratiw önümçiligi amala aşyrylanda administratiw edaranyň beýleki administratiw edaralar, gaýry guramalar bilen administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan ýüztutma ibermek, resminama we maglumat alyşmak arkaly, şeýle hem beýleki görnüşlerde özara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygynyň kanunyň esasy ýörelgeleriniň sanawynda görkezilendigini bellemek gerek.

Kanuna laýyklykda, administratiw edara gyzyklanýan şahsa arza ýa-da haýyşnama bermekde, arzada ýa-da haýyşnamada ýol berlen ýalňyşlary ýüze çykarmakda we aradan ayyrmakda ýardam etmäge, administratiw önümçilige gatnaşyan şahsa hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge borçlydyr.

Administratiw edaranyň gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça onun şahsy ýa-da maşgala durmuşynyň syryny, şeýle hem hünär, täjirçilik syryny saklaýan resminamalaryň ýa- da maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmäge borçludygyny belleýän kada bolsa, raýatlaryň Esasy Kanunymyzda beyan edilen konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň kämil hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Kanunda administratiw önümçilik bilen bagly möhletleriň anyk kesgitlenmegi bu gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi nukdaýnazardan kämil hukuk esaslaryny emele getirmekde möhüm ähmiyetlidir.

Bellenilen kadalara laýyklykda, administratiw edara bir aýdan köp bolmadyk möhletde administratiw namany kabul etmek hakynda ýa-da ony kabul etmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul etmeli.

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry möhlet bellenilmedik bolsa, administratiw önümçilige ähmiýetli bolan ýagdaýlary anyklamak üçin köp möhlet talap edilýän halatynda, bu möhlet administratiw edara tarapyndan kyrk bäş güne çenli uzaldylyp bilner.

Haçan-da, administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin gerek bolan resminamalar we magluumatlar gaýry ýollar bilen alnyp bilinmeýän bolsa, administratiw edara tarapyndan ygtyýarly edara olaryň berilmegi barada talap haty iberilen halatynda, administratiw önümçiligi amala aşyrmak möhleti talap haty iberilen gününden başlap, talap edilen resminamalaryň we maglumatlaryň alnan gününe çenli togtadylýar.

Kanunda bellenilen möhletiň geçirilmeginiň sebäpleri esasly diýlip ykrar edilende, administratiw edara gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça geçirilen möhleti dikeldilip bilner.

Geçirilen möhleti dikeltmek baradaky arza administratiw edara tarapyndan bäş günüň dowamynda seredilmelidir.

Gyzyklanýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygynda göz önünde tutulan tertipde administratiw edaranyň geçirilen möhleti dikeltmekden yüz döndermek hakynda çözgüdine şikaýat edip biler.

Kanunda gyzyklanýan şahsyň administratiw nama administratiw şikaýat bermek arkaly administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat etmäge bolan hukugy kepillendirilýär.

Ýusup Nurmammedow,
Ahal welaýatynyň Tejen etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.