Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşigine ýolagçylara hyzmat etmeklige niýetlenen ýeňil awtoulaglaryň 85 sanysy gelip gowuşdy.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we şäheriň töwereginde ýerleşýän etraplaryň ilatyna hyzmat etjek bu ýeňil awtoulaglaryň 45 sanysy Toyota Corolla, 40 sanysy hem Hyundai Elantra kysymly awtoulaglardyr.

Awtoulaglaryň täze tapgyrynyň gelip gowuşmagy bilen bu ýerde täze iş ornunyň dörändigini hem nygtap geçmek bolar. Şeýle hem ýolagçylaryň ösen islegini kanagatlandyrmak maksady bilen her ýeňil awtoulag iki iş çalşygynda işlediler.
Şäheriň ýaşaýjylarynyň şatlygyna öwrülen bu awtoulaglar Türkmenabat şäheriniň ýaňy-ýakynda gurlup ulanylmaga berlen häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap awtomenzilinde öňden gelýän däplerimize görä ak un sepilip, dabara bilen garşy alyndy.
“Lebapawtoulaglary” önümçilik birleşiginde bar bolan ýeňil awtoulaglaryň üstüniň doldurylmagy şäheriň hem-de onuň töweregindäki etraplaryň ýaşaýjylarynyň gatnawlary üçin örän amatly şertleri döreder.