8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlary gowşurylyp başlandy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär.
Ýurdumyzda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar ilkinji bolup hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary aldylar.
Her gün mekdebe çenli çagalar edaralarynda baýramçylyk çykyşlary geçirilýär, bu ýerde çagalar öz zehinlerini görkezýärler, bahar paslynyň başynda ene-mamalaryny gutlaýarlar.