2023-nji ýylda bilelikde iş alyp barmak baradaky ýakynda gol çekilen iki resminamada Adalatçynyň diwanynyň döredilen pursadyndan bäri iki esasy halkara hyzmatdaşy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi göz öňünde tutulýar.
Bu Adalatçynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň şu ýyl üçin bilelikdäki Taslama resminamasydyr. Ol üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak” taslamasynyň dowamydyr.
Gol çekilen ikinji resminama ÝUNISEF bilen 2023-nji ýyl üçin nobatdaky bilelikdäki iş meýilnamasy bolup, bu gurama bilen çagalaryň hukuk goraglylygy we hukuk habarlylygy babatda netijeli hyzmatdaşlygyň dowamydyr. Türkmenistanda Ynsan Hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň resmi saýtynda bellenişi ýaly, täze iş meýilnamasy çagalaryň hukuklaryna gözegçilik etmek we ilerletmek üçin mehanizmiň kämilleşdirilmegi ýaly möhüm wezipeleri öz içine alýar.