Ï Aşgabatda «Iş nokady» at bilen ikinji hyzmatdaşlyk merkezi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Iş nokady» at bilen ikinji hyzmatdaşlyk merkezi açyldy

view-icon 9278
Aşgabatda «Iş nokady» at bilen ikinji hyzmatdaşlyk merkezi açyldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

«Iş nokady» hyzmatdaşlyk merkezi «Berkarar» söwda merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýän täze edara jaýynyň açylandygyny habar berýär.

Türkmenistandaky birinji hyzmatdaşlyk merkezi-de «Berkarar» söwda merkeziniň 10-njy gatynda işlemegini dowam etdirýär.

1-nji martda «Açyk gapylar güni» geçirildi, onda «Iş nokady» hyzmatdaşlyk merkeziniň ähli taslamalary bilen doly tanyşdyryş dabarasy boldy.

«Iş nokadynyň» aşakda sanawy berlen taslamalaryň resmi wekilidigini ýatladýarys:

– Halkara maglumat tehnologiýasy akademiýasy (ITEA);

– çagalar üçin «Coddy» programmirleme mekdebi;

– çagalar üçin «MiniBoss» Halkara işewürlik mekdebi;

– çagalar we ýetginjekler üçin «BigBoss» Halkara işewürlik mekdebi;

– çagalar üçin «Royal British School» iňlis dili mekdebi;

– Moskwanyň Halkara uniwersiteti, resmi wekilleri – Türkmenistanda;

– «City Business School» Halkara işewürlik mekdebi.

Şeýle hem hyzmatdaşlyk merkezi myhmanlara taslamalardan sowgat hökmünde «Halkara maglumat tehnologiýasy akademiýasynyň» we çagalar üçin «Coddy» programmirleme mekdebiniň synag sapaklaryna mugt gatnaşmak mümkinçiligini sowgat berdi.