Ï Türkmenistanda enäniň we çaganyň öýüne gelýän gulluklar üçin ilkinji sanly goşundy synagdan geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda enäniň we çaganyň öýüne gelýän gulluklar üçin ilkinji sanly goşundy synagdan geçiriler

view-icon 5887
Türkmenistanda enäniň we çaganyň öýüne gelýän gulluklar üçin ilkinji sanly goşundy synagdan geçiriler

ÝUNISEF hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi milli saglyk ulgamynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilelikde iş alyp barýarlar. Saglyk işgärleriniň öýlere barmagy boýunça hyzmatlaryny amatlaşdyrmak bu işiň ugurlarynyň biridir. Şu gulluk eneleriň we çagalaryň keselleriniň ötüşmegini ir ýüze çykarmakda we bejermekde hem-de olaryň ömrüni halas etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

ÝUNISEF-iň 3-nji martda ýaýradan metbugat-habarynda 2022-nji ýylda ÝUNISEF-iň körpeje çagalaryň öýüne barmak hyzmatlary üçin täze ölçegleri we Türkmenistanyň öýe gelýän işgärler üçin ilkinji sanly goşundyny işläp taýýarlamaga ýardam edenligi bellenilýär. Munuň özi, indi iş ýüzünde saglyk işgärleriniň öýe barmak hyzmatlarynyň enäniň we çaganyň saglygyny hem-de iýmitleniş babatda netijelerini gönüden-göni gowulandyrjak, şeýle hem çaganyň ösüşindäki kemçilikleri has ir ýüze çykarjak öňüni alyş we maslahat beriş gurallaryny öz içine alýandygyny aňladýar. Planşetlere goýlan täze ölçegleriň hem-de goşundylaryň kömegi bilen enelere we çagalara bäbegiň ömrüniň ilkinji günlerinden başlap has gowy hyzmat ediler.

2023-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 3-nji martyna çenli saýlanyp alnan lukmançylyk edaralarynyň üçüsiniň saglygy goraýyş işgärleriniň ählisi öýlere barmak babatda täze goşundyny ulanmak boýunça tälim aldylar.Bu ilkinjiler topary goşundyny tutuş ýurdumyz boýunça ýaýramazdan ozal ilkinji lukmançylyk-sanitar kömek derejesinde öňümizdäki aýlarda synagdan geçirerler.