Türkmen zenanlarynyň umumylaşdyrylan keşbini döretmeli bolsa, onuň esasy häsiýetiniň asyrlarboýy saklanyp galdy, ýöne wagtyň geçmegi bilen olarda täze häsiýetlerdir başarnyklaryň peýda bolandygyna göz ýetirse bolar. Türkmen zenany, ozaly bilen, maşgalada we jemgyýetde keramata deňelýän enedir. Ol nesline jan berýär we täze nesli terbiýelemek bilen halkynyň we döwletiniň geljegine ýardam edýär. Häzirki döwürde hem türkmen zenany ̶ maşgala ojagynyň binýady, milli däp-dessurlarynyň we gymmatlyklarynyň goraýjysy. Ol bu häsiýetlerini çagalaryna hem öwredýär, şol bir wagtyň özünde maşgala aladasyndan daşgary, zähmet we jemgyýetçilik işlerinde-de öz ukyp-başarnygyny işjeň amal edýär.
Häzirki wagtda zenanlara hormat-sarpaly garaýyş döwletimiziň gender syýasaty, onuň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertler döretmek, enäniň we çaganyň saglygy hem-de abadançylygy barada alada arkaly durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda zenanlaryň asylly we jogapkärli işine ýokary baha berilýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakylýar we sylaglanylýar hem-de köp çagaly maşgalalara täze döwrebap öýleriň açarlary gowşurylýar. Döwlet derejesinde çagalar baglaryna terbiýelenýän körpejelerden başlap, tä pensioner enelere çenli jemgyýetiň ajaýyp wekilleri – zenanlara üns berilýär – olara baýramçylygyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy.
Türkmen zenany çeper we sazlaşyk duýgurlygy bilen saýry gelýär. ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Repezentatiw sanawyna girizilen we tutuş adamzadyň baýlygyna öwrülen türkmen halyçylyk we keşde sungaty hem şol çeper elleriň önümidir. Amaly-haşam sungatynyň gadymdan gelýän görnüşlerinde hyjuwly hyýallaryny beýan edýän türkmen zenany indi teatr, aýdym-saz, kinematografiýa, sirk we häzirki zaman sungatynyň beýleki görnüşlerinde özüniň ajaýyp zehin-başarnygyny ile aýan edýär, dürli edebi žanrlarda üstünlik gazanýar. Gadymy milli mirasymyzy gaýtalanmaz şaý-sepler, öý goşlary we häzirki zaman esbaplary taýýarlamakda tükeniksiz ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Türkmen zenanynyň ýene bir esasy aýratynlygy onuň işjeň durmuş ýörelgesi, halkynyň ykbalyny kesgitlemäge, milletiň möhüm meselelerini çözmäge gatnaşmaga uly islegidir. Geçmiş taryhymyzda türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda paýhasly hökümdarlar, gaýduwsyz serkerdeler we halky üçin köp iş eden magaryfçylar bolupdy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň aýal-gyzlary ykdysadyýetiň, ylymyň, medeniýetiň, demokratiýanyň ösüşine we ýurdumyzyň umumy ösüşine has uly goşant goşýarlar. Zenan maşgala milli parlamente we adam hukuklary guramasyna, ministrlige, ylym we bilim edaralaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýolbaşçylyk edýär, telekeçilik işini üstünlikli ösdürýär we beýleki pudaklarda üstünlik gazanýar.