Şu gün paýtagtymyzda, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda dokuz gatly 108 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Bagtyýar maşgalalar hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanmaga taýýar edilen täze ýaşaýyş jaýyna göçüp geldiler.

Täze jaýyň öňündäki dürli şarlar, köpöwüşginli çykyşlar bilen bezelen meýdança paýtagtymyzyň we şäheriň etraplarynyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, ýaşlar we Aşgabat şäheriniň köpsanly ýaşaýjylary, myhmanlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.


Paýtagtymyzyň döredijilik toparlary özleriniň joşgünly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelýän maşgalalaryň şatlyk-şowhunlaryny belende göterdiler.


Dabaranyň dowamynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň esasy pursaty gelip ýetende, täze jaýyň öý eýelerine açarlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Täze öýüň açarlaryna eýe bolanlaryň arasynda sekiz çagaly bagtyýar maşgalalar hem bar. Olar şeýle bagtyýar durmuşy peşgeş edendikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan uly we jogapkärli döwlet işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Dabara gatnaşyjylar döwrebap jaýdan öý alan 8 çagaly bagtyýar maşgalalaryň öýleriniň bosagasyndan ätläp, onuň otaglaryna aýlanmak bilen bu ýerde döredilen amatly şertler bilen tanyşdylar.
Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda we olaryň enjamlaşdyrylyşynda, bezeg işlerinde iň häzirki zaman usuldaky çözgütler peýdalanyldy. Giň otaglary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň goşmaça kömekçi desgalarynyň hem bardygyny bellemek gerek. Öýleriň aşhanasy, eýwanlary, olaryň gurluşyk aýratynlyklary amatlylygyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär.