Ï Türkmenistan we GIZ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we GIZ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

view-icon 5866
Türkmenistan we GIZ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

2023-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) Sebitleýin maksatnamasynyň ýolbaşçysy, Berlin şäheriniň kazyýetiniň kazysy Ý.Pudelka bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşygyň barşynda myhman Adalatçynyň diwanynyň işi bilen tanyşdy, taraplar adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çäre GIZ-iň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynda “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly sebitleýin maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Bu barada Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň resmi saýtynda habar berildi.

Pandemiýa zerarly çäklendirmeler sebäpli ýüze çykan soňky ýyllaryň kyn şertlerinden soň GIZ-iň işini janlandyrjak mümkinçiliklere şu aýyň başynda Aşgabatda GIZ maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ýyllyk meýilleşdirilişi ara alnyp maslahatlaşylanda garaldy. Şol bir wagtyň özünde dolandyryjylar üçin okuw meýilnamasy, kanuny döwletlilik, suw gorlaryny dolandyrmak, “Ýaşyl Merkezi Aziýa” boýunça Federal hökümetiň hereket meýilnamasy, howa howpuny dolandyrmak, şeýle hem ýer ulanylyşy we biodürlülik ýaly ugurlara deglip geçildi. Ýokarda agzalyp geçilen ugurlar boýunça GIZ taslamalarynyň ýolbaşçylary işiň häzirki hakyky ýagdaýyny beýan etdiler we Türkmenistan bilen mundan soňky hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda zerurlyklaryndan ugur almak bilen, Türkmenistana maksada ugrukdyrylan has güýçli goldaw we goşmaça maliýe mümkinçilikleri barada maglumat bermäge çagyryş seslendirildi.

GIZ-iň Merkezi Aziýa, şol sanda, Türkmenistan boýunça taslama bukjasy köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy görkezýär. Olar ýer ulanylyşyna ekologik ulgamlaýyn çemeleşmäni öňe sürýän “Howanyň üýtgemegini göz öňünde tutmak bilen Merkezi Aziýada topragy toplumlaýyn dolandyrmak” atly sebit maksatnamasy; ýurtlar howanyň üýtgemeginiň täsirine has takyk baha berip we bilelikdäki öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlap biler ýaly, syýasy gepleşikleri ösdürmegi, maglumatlara elýeterliligi gowulandyrmagy maksat edinýän “Ýaşyl Merkezi Aziýa” başlangyjy; serhetde barlag amala aşyrylanda, dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, sadalaşdyrylan üstaşyr amallary girizmäge we ş.m. gönükdirilen “Merkezi Aziýada söwda amallaryny sadalaşdyrma”  (TFCA) taslamalaryny öz içine alýar.