Türkmenistan World Giving Index (WGI)-iň 2023-nji ýylda neşir edilen ýyllyk hasabatynda haýyr-sahawat boýunça dünýäniň 126 ýurdunyň arasynda ilkinji 20-lige girdi.
Haýyr-sahawat işi boýunça dünýäde iň uly saýylýan bu syn Amerikanyň Gällap instituty tarapyndan geçirilen derňewleriň esasynda “Charities Aid Foundation” haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan neşir edilýär. Hasabatda haýyr-sahawat işine üç ugur boýunça garalýar: pul görnüşinde sadaka bermek, meýletinçilik wagty we nätanyş adamlara kömek etmek (% -de). Bir ýurt reýtingde näçe ýokary orny eýeleýän bolsa, ol ýurtda haýyr-sahawat işine şonça-da köp adam gatnaşýar.
Neşir edilen reýtingde Türkmenistanda haýyr-sahawatyň umumy görkezijisi pul sadakalarynyň görkezijilerinden (32%), nätanyş adamlara berlen sadakadan (53%) we meýletinlik (43%) görkezijilerinden ybarat bolmak bilen, 43%-e barabardyr. Bu görkezijiler boýunça, Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinden öňde durýar. Jemi haýyr-sahawat görkezijisi 58% bolan ABŞ sanawda birinji orunda, 16% görkezijisi bolan Gresiýa bolsa iň soňky ýerde durýar.
Türkmenistanyň Haýyr-sahawat işiniň dünýä reýtinginde ýokary orny hemişe jomartlyk, adamkärçilik we özara kömek duýgusy bilen tapawutlanýan türkmen halkynyň aňyýeti we milli däp-dessurlary bilen şertlenendir. Milletimiziň hoşniýetlilik, rehimdarlyk, sahylyk, golaý-goltuma goldaw ýaly häsiýetiniň bu aýratynlyklary mukaddes Oraza aýynda has hem aýdyň ýüze çykýar.
Türkmenistanda haýyr-sahawat işi döwlet we jemgyýet tarapyndan goldanýar. 2021-nji ýylyň mart aýynda ýurtda mätäçlik çekýän çagalara kömek etmek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ýörite haýyr-sahawat gaznasy döredildi, bu gazna mätäçlere lukmançylyk hyzmatlaryny bermekde, saglygyny dikeltmekde we dermanlary almakda maddy ýardam berýär, şeýle hem olaryň umumy bilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdeplerde bilim almagyny, ýörite sport we beýleki zerur esbaplar bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar. Gaznanyň howandarlygynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde Çagalary sagaldyş we dikeldiş merkezi işlär. Gaznanyň Baş edarasy-da şu şäherde ýerleşer.