Türkmenistanda şu hepde howanyň temperaturasy pes derejede bolmak bilen başlanar.
Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde howanyň temperaturasy + 14… gradusa çenli peseler.Emma bu görkezijiler hepdäniň ahyrynda üýtgär.Dynç günleri howanyň ortaça temperaturasy +30… gradusa çenli maýlar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az wagtlyk ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +14… +16, gijelerine +5… +7 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy gündizlerine +27, gijelerine +13 gradus bolar.
Ahal welaýatynda hem az wagtlyk bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +14… +19, gijelerine +5… +10 gradus bolar. Dynç günlerinde howa maýlap, howanyň temperaturasy gündizlerine +31, gijelerine +17 gradus bolar. Ýagyş ýagmagyna garaşylýar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az wagtlyk ýagyş ýagar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +20… +25, gijelerine +6... +11 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy gündizlerine + 33, gijelerine +17 gradus bolar.
Mary welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15…+20, gijelerine +5… +10 gradus bolar. Hepdäniň dynç günlerinde howanyň temperaturasy ýokarlanyp başlar. Howa gündizlerine +30, gijelerine +15 gradus bolar. Ýagyş ýagmagyna garaşylýar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +15… +20, gijelerine +6…+11 gradus bolar. Dynç günlerinde howanyň temperaturasy gündizlerine +29… gijelerine +16... gradus bolup, az wagtlyk ýagyş ýagar.
Daşoguz welaýatynda hem az wagtlyk ýagyş ýagyp, howanyň temperaturasy gündizlerine +12… +17, gijelerine +4…+9 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy gündizlerine +26... gijelerine +14... gradus bolar.