2023-nji ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMCA 10) çäklerinde serhetara jenaýatlary derňemek bilen meşgullanýan hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin milli okuw maslahaty geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Maslahata türkmen tarapyndan degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda serhetara jenaýatlara garşy göreşmek boýunça işgärleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem okuw maslahatyna gatnaşyjylar transmilli guramaçylykly jenaýat bilen baglanşykly we maglumatlara baha bermek esasynda geçirilýän derňew işlerini alyp barýan dessin-gözleg işgärleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak barada pikir alyşdylar.
Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar halkara guramalarynyň çäklerindäki özara ynanyşmagyň ýoluna esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly ynam bildirdiler.