Ï Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Ösüş Gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Ösüş Gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

view-icon 5349
Türkmenistan Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Ösüş Gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Ösüş Gaznasynyň (IDF) wekili hanym Alessia Kastelfranko bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň Halkara migrasiýa guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alnyp maslahatlaşdylar.

Myhman Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Taraplar «Migrasiýa, daşky gurşaw we howanyň üýtgemeginiň arasyndaky özara baglanyşyklary howanyň üýtgemegi boýunça milli meýilnamalaryna goşmak» atly milli taslama boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.