Ï Aşgabatda adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni bellenildi

view-icon 4333
Aşgabatda adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni bellenildi

12-nji aprelde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni dünýäniň köp ýurtlarynda Zeminiň ilkinji kosmonawty Ýuriý Gagariniň ýadygärligine gül desseleri goýulýar.

Ýakynda paýtagtymyzda hem Ýuriý Alekseýewiçiň ýadygärlik heýkeli guruldy.

Aşgabatda 2021-nji ýylyň aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde heýkeltaraş Alekseý Leonowyň döreden kosmosa ilkinji bolup uçan kosmonawtyň bürünçden ýasalan heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Şondan bäri 12-nji aprelde mekdep okuwçylary, kosmonawtika hünärmenleri we Aşgabadyň ýaşaýjylary kosmosa ilkinji uçan kosmonawt Ýuriý Gagariniň hatyrasyna onuň ýadygärligine barýarlar.

A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Gagariniň ýadygärligine gül desselerini goýdular. “Rossotrudniçestwonyň” Türkmenistandaky wekili Ýuliýa Zaýsewa ýygnananlara ýüzlenip şeýle diýdi:

- Şu gün Russiýa Federasiýasynda çaga döwrümizden bäri hemmämize tanyş baýramçylyk - Kosmonawtika güni, tutuş dünýäde bolsa - adamyň kosmosa uçuşynyň Halkara güni bellenilýär. Ol, hakykatdanam, biziň buýsanýan baýramçylyklarymyzyň biri, çünki Ýuriý Alekseýewiç Gagariniň 1961-nji ýylyň 12-nji aprelindäki gahrymançylygynyň dünýäde deňi-taýy ýokdur. Şol döwür kosmosa uçmak diňe bir öňegidişlik bolman, eýsem, ençeme adamyň tagallasy we zähmeti netijesinde amala aşyrylan üýtgeşik bir waka boldy.

Kosmonawtika gününe we umumy mirasymyza Türkmenistanda şeýle köp üns berilýändigi diýseň begendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdeplerinde bu baýramçylyga bagyşlanan köp sanly wiktorinalar, testler we sport çäreleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Kosmos işi boýunça “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda: “Älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek häzirki zaman ylmynyň aýrylmaz bölegi bolup, bütin adamzadyň ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Köpýyllyk zähmetiňiz bilen Siz bu asylly işe mynasyp goşant goşýarsyňyz” diýip, bellenilýär.