Ï Türkmenistan-ÝHHG: KHBS ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ÝHHG: KHBS ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 5795
Türkmenistan-ÝHHG: KHBS ulgamynda hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzyň «Yyldyz» myhmanhanasynda jemgyýetçilik bähbitli meseleler beýan edilende sanly kontent döretmek üçin platformalar boýunça iki günlük okuw maslahaty geçirildi, ony ÝHHG-nyň Türkmenistandaky Merkezi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde gurady.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda tejribe alyşmak boýunça maslahatda sanly žurnalistikada başarnyklary ýokarlandyrmaga, materiallary sanly platformalary ulanyp taýýarlamak meselelerine üns berildi.

Okuw maslahatyny geçirmek üçin halkara bilermenleri Marek Bekerman (Beýik Britaniýa) we Ýakub Parusinskiý (Polşa) çagyryldy.

Ýöriteleşdirilen okuw maslahatyna ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sanly ulgamlar döwründe habarlar giňişliginiň aýratynlyklary, neşirýat žurnalistikasyndan sanly žurnalistika geçmek, multimediýanyň esaslary we beýleki ugurlarda žurnalistleriň hünärini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, daşary ýurtly bilermenler žurnalistikada onlaýn-gurallary, goşundylary we amaly programmalary ulanmak nukdaýnazaryndan bilimlerini paýlaşdylar.

Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar öz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap etmek üçin möhüm we gyzykly kontent döretmek üçin birnäçe amaly meseleleri çözdiler.

Özara pikir alyşmalaryň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň döwrüň talaplaryna we jemgyýetçilik ösüşiniň wezipelerine laýyk gelmelidigi nygtaldy. Häzirki zaman dünýäsinde KHBS-niň möhüm ähmiýeti nazara alnyp, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasatyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistanda maglumat giňişligini ösdürmek we häzirki zaman multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak boýunça alnyp barylýan yzygiderli işler döwlet Baştutanynymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň çäklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribesiniň peýdasynyň uly boljakdygy nygtaldy.