Ï Türkmenistan bilen ÝHHG adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen ÝHHG adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 5139
Türkmenistan bilen ÝHHG adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistandaky Merkeziniň Adam ölçegleri bölüminiň başlygy jenap Çarlz Nouman Filpot bilen Adalatçynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Adalatçynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Adalatçynyň diwanynyň döredilen pursatyndan başlap ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýar. Duşuşygyň dowamynda taraplar adam hukuklary babatynda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň möhümdigini we iki guramanyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.