1941-1945-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Rossotrudniçestwonyň Türkmenistandaky wekilhanasy paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin «Ýeňiş Diktantyna» gatnaşmaga çagyrýar.
Bilim çäresi 27-nji aprelde sagat 16:00-da Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň binasynda geçiriler (salgysy: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, jaý-11).
Oňa gatnaşmak üçin öňünden + 99364 53 50 25 telefon arkaly ýa-da elektron poçta arkaly otdel_tm@mail.ru. hasaba alynmaly.
Bu çäre ýaşlaryň taryhy sowatlylygyny we watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
«Ýeňiş Diktantynda» Ikinji jahan urşunyň taryhyny öwrenmäge raýatlaryň ünsüni çekmek, ähli sowet halky bilen birlikde türkmen halkynyň söweş meýdanlarynda görkezen gahrymançylyklary, tylda zähmet çekenleriň edermenlikleri, gazanylan ýeňşe goşan goşandy göz öňünde tutulýar.
Basybalyjylara garşy söweşde Türkmenistan mynasyp orna eýe boldy.
Beýik Watançylyk urşy döwründe paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de ilatly merkezlerde birnäçe batalýonlar we aýratyn atyjylyk hem-de atly diwiziýalar döredildi.
Ýurdumyzyň zenanlary goranyş gaznasyna ýüzlerçe kilogram kümüş şaý-sepleri we maşgala miraslaryny görkezýän beýleki gymmat bahaly zatlary bagyşlap, tutuş ýurduň işine möhüm goşant goşdular.
Bu ýylda dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunda «Ýeňiş Diktanty» ýazylar.
Ýerleşýän ýerleri göz öňünde tutulyp, käbir ýumuşlar sebitler üçin aýratyn taýýarlanar.
Diktantyň sowallary ilkinji gezek alty daşary ýurt diline - hytaý, serb, ispan, nemes, fransuz we iňlis dillerine terjime edildi.
«Ýeňiş Diktantyna» gatnaşyjylara Beýik Watançylyk urşy wakalary bilen baglanyşykly 25 sowala jogap bermek üçin 45 minut wagt berler.
Synaglaryň netijeleri boýunça şahadatnamalar gowşurylar.