Ï Ýurdumyzda howanyň şemally bolmagyna garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda howanyň şemally bolmagyna garaşylýar

view-icon 5410
Ýurdumyzda howanyň şemally bolmagyna garaşylýar

Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde ýagyş ýagmagy we ýyldyrym çakmagy mümkin. Hepdäniň dowamynda ýeliň öwüsmegine hem garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 35 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +20…+34, gijelerine +14…+19 gradus bolar.

Ahal welaýatynda hem az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +23…+32, gijelerine +16…+19 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda howanyň temperaturasy gündizlerine +39, gijelerine +25 gradus bolar. Ýeller we ýyldyrymlar bilen ýagyş ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +22… +27, gijelerine +10... +15 gradus bolar, hepdäniň dowamynda şemal bolmagyna we ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Hepdäniň dynç günlerinde howanyň temperaturasy +30... gradus bolar.

Mary welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +25…+32, gijelerine +15…+18 gradus bolar. Ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +25… +36, gijelerine +17…+22 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine +29…+34, gijelerine +16…+21 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda käbir ýerlerde ýagşyň ýagmagy mümkin.