Ï Annagulyýewleriň nakgaşlar maşgalasy işleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Annagulyýewleriň nakgaşlar maşgalasy işleriniň sergisi

view-icon 4947
Annagulyýewleriň nakgaşlar maşgalasy işleriniň sergisi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Annagulyýewleriň nakgaşlar maşgalasynyň işleriniň sergisi paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň tutuş ikinji gatyny doldurdy. Serginiň açylmagynyň özboluşly sebäbi bar: şu ýyl maşgalabaşy, keramikaçy Baýram Annagulyýew 55, onuň aýaly, keramikaçy Bahar Annagulyýewa 50 ýaşady.

Olaryň gyzlary Aýna we Jennet hem işlerini görkezmek mümkinçiliginden peýdalandylar. Aýna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty kafedrasynyň ikinji ýyl talyby. Jennet paýtagymyzyň 46-njy orta mekdebiniň okuwçysy we Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň uçurymy. 

Sergi keramikaçylaryň, çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň, sungat öwrenijileriň, amaly-haşam sungatynyň muşdaklarynyň we Annagulýewleriň maşgalasynyň köp sanly dostlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere gelenlerden Türkmenistanyň halk nakgaşy Maral Ataýewa Annagulyýewler barada şeýle diýdi:

– Baýram bilen Maral meniň okuwçylarym, mugallym hökmünde men olaryň öz kärlerinde şeýle belentliklere ýetendiklerine buýsanýaryn.

Baýramdyr Maral bile işleseler-de, keramikada olaryň hersiniň öz ýoly bar. Baýram Annagulyýewiň «Kerwenbaşylar baýramy» atly belli eseri bizi Beýik ýüpek ýoly döwrüne, «Dinozawrlar» ekspozisiýasy – mezozoý eýýamyna atarýar. Onuň bu işleri näçe gowy bolsa-da, Baýramyň döredijiliginde küýzeler esasy orun tutýar. Nakgaş oňa teşneligi gandyrmaga we adam ömrüni dowam etdirmäge ýardam edýän sarpa goýulýan zat hökmünde garaýar. Baýram sergide haýsy küýze görkezse-de – goý, ol konus görnüşli, aýakly we iki agyzly bolsun, tapawudy ýok, ýüzlerçe gabyň biri beýlekisine meňzemeýär. 

Maral diňe bir tebigy zehinli bolman, eýsem inçe degişme duýgurlygy bilen hem tapawutlanýar. Onuň keramika eserleri seni biygtyýar ýylgyrmaga mejbur edýär. Muňa «Ýorgana giren Japbakalar», «Türkmen gyzjagazlary», «Alma agajy» we beýleki işlerini mysal getirse bolar. Adamsy ýaly, keramiki heýkeljikleriň köpüsini installýasiýada ýasaýar, meselem, «Obaly modaçyl zenanlar» işindäki ýaly netijede, gülkünç bir hekaýat döreýär duruberýär.

Jennet Annagulyýewa sergä özboluşly işlerini hödürläpdir. Onuň kiçi göwrümli suratlary oba we şäher durmuşyny beýan edýär. Tomaşaçylar esasan hem horazlaryň guaş bilen çekilen suratyny halaýardylar.

Aýna Annagulyyewa şäý-seplerini görkezdi – onuň döredijiliginde türkmen şaý-sepleriniň nusgawy görnüşleri zergärlik sungatynyň döwrebap ýörelgeleri bilen utgaşýar. Aýna şaý-sepleri has nepis, ýeňil ýasasa-da, onuň milliligini saklaýar.

Annagulyýewleriň nakgaşlar maşgalasynyň işleriniň köpdürliligi we ýokary hili ýene bir gezek tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.