Şu hepde ýurdumyzda howa ýene durnuksyz bolmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde ýagyş ýagmagyna we we güýçli ýeliň öwüsmegine hem garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 37...gradusa çenli bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +25… +27, gijelerine +13… +15 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy gündizlerine +36... gradus bolar. Şeýle hem ýeňil ýagyş ýagmagy münkin.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan güneşli we ýelli howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +24…+29, gijelerine +11… +16 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar, hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy +37... gradus bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ýelli howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +24…+29, gijelerine +12...+17 gradus bolar, ýagyş ýagmagyna hem garaşylýar. Hepdäniň dynç günlerinde howanyň temperaturasy gündizlerine + 36... gradusa ýeter.
Mary welaýatynda açyk howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +20…+37, gijelerine +10… +15 gradus bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +26… +37, gijelerine +19…+24 gradus bolar. Ýeliň bolmagyna we ýagyşyň ýagmagyna garaşylýar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ýelli howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +24… +29, gijelerine +10…+15 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar, we dynç günleri howanyň temperaturasy gündizlerine +35... gradu bolar.