Özbegistanyň Syrderýa welaýatynyň Gülüstan şäherinde geçirilen bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalyna 30-dan gowrak ýurtdan sazandalar we aýdymçylar ýygnandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Günorta Koreýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bardy.
Halkara festiwalda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Garýagdy Saryýew, konserwatoriýanyň mugallymlary Röwşen Muhammedow we Saparmyrat Amanmyradow, şeýle hem konserwatoriýanyň talyby Wepa Ödäýew ýurdumyza wekilçilik etdiler.
Ussat sazanda hem bagşy Garýagdy Saryýew gyjakdyr gargy tüýdükli, dutarda «Soltan Hüseýin Baýgara» dessanyny ýerine ýetirmek bilen türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmekde we milli guralda saz çalmakda ussatlygyny görkezdi.
Türkmenistanyň wekilleri dessan aýtmak sungaty bäsleşiginde ýeňiş gazandylar.
2019-njy ýylda Özbegistanyň Termez şäherinde geçirilen bagşyçylyk sungatynyň I Halkara festiwalynda türkmenistanly bagşy Kerwen Ýowbasarow hem birinji orny eýeläpdi. Ol türkmen bagşy-sazandalarynyň diňe bir ýokary derejä ýetmek bilen çäklenmän, eýsem ýylsaýyn ussatlygyny kämilleşdirýändigini-de görkezýär.
Mundan başga-da, 6-njy maýdan 8-nji maý aralygynda geçirilen bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalynyň çäklerinde «Häzirki zaman bagşyçylyk sungaty: altyn mirasyň täze sazlary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahatda halk aýdym-saz döredijiligini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, bagşyçylyk sungaty dünýä halklarynyň medeniýetiniň ösmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Ol dürli milletleriň wekillerini birleşdirýän özboluşly köpri bolup hyzmat edýär. Öz gezeginde, bagşylar we şahyrlar bu sungatyň ýöredijileri bolup, ony nesillerden-nesle, bir milletden beýlekisine geçirýärler.
Türkmenistanda iň gowy halk döredijiligini dowam etdirmäge ýaşlary çekmek meselelerine köp üns berilýär. Edil şu günler ýurdumyzda beýik dana türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň uly möçberli festiwaly geçirilýär. Festiwalyň maksatlarynyň biri hem bagşyçylyk sungatyny wagyz etmekdir.