Ï Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda ýaş suratkeşleriň sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda ýaş suratkeşleriň sergisi açyldy

view-icon 5299
Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda ýaş suratkeşleriň sergisi açyldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň 2023 ýylyň uçurymlary Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda açylan sergä gatnaşdylar.

Çagalaryň köpüsi üçin çeperçilik mekdebiniň okuwy uly sungat dünýäsine girmäge badalgadyr. Diýmek, olaryň geljekki ykballary hut şu ýerde mugallymlaryndan alan bilimine bagly. Şonuň üçin çeperçilik akademiýasy ýaly abraýly ýerde açylan sergi täze başlaýan suratkeşler üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

Serginiň açylyş dabarasynda çeperçilik akademiýasynyň wekili Azat Alyhanow, Çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri Öwezgeldi Ýagmyrow, okuw bölüminiň müdiri Ýazmyrat Pirgulyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Lýudmila Ulakina dagy söz sözlemek bilen, okuwçylara üstünlik arzuw etdiler. Olar çykyşlarynda uçurymlary mekdepden gidýändiklerine garamazdan, özleriniň «Nuralyýewlerdigini» unutmazlyga we sungatda täze zatlary yzygiderli gözlemegi maslahat berdiler.

Sergide görkezilen işlerden görnüşi ýaly, çeperçilik mekdebinde geçirilen ýyllar ýaş suratkeşler üçin gaty öndümli bolupdyr. Mysal hökmünde Güljemal Seýtliýewanyň «Gadymy söweşiji» suratyny alalyň. Güljemal diňe bir söweşijiniň portretini çekmegiň hötdesinden gelmek bilen çäklenmän, eýsem onuň manyly garaýşy arkaly häsiýetini-de görkezmegi başarypdyr.

Alyşir Garajaýew öz çeken suratynda türgenleriň arasyndaky gyzykly göreş pursadyny suratlandyrypdyr. Pälwanlaryň muskullarynyň aňrybaş dartylandygyny gören tomaşaçy, ýene dem salymdan garşydaşyň ýeňiljekdigine ynanýar.

Gaýgysyz Bekmyradow geň bir portret görkezdi. Portrete sereden her kes onda Atageldi Garýagdyýewi tanalýar.

Heýkeltaraşlar hem gowy çykyş etdiler. Guwançmyrat Ataýew, berk gysyşyp duran iki eli şekillendirýän gyzykly işini görkezdi. Pikiriň özboluşlylygy we oňat ýerine ýetirilmegi sergä gelenleriň ünsüni bu esere çekýärdi.

Leýli Arslanowa – diýseň inçe işlenen nepis monjugyň awtory.

Serginiň awtorlaryndan biri Mähriban Sapardurdyýewa gazetimiziň okyjylary üçin söhbetdeşlikde şeýle diýdi:

– Mekdebimiziň uçurymlarynyň hemmesi ýaly, men-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda guralan sergä gatnaşmak hormatyna mynasyp boldum. Biz bu hakykaty mekdebimiziň we akademiýanyň sowgady hökmünde kabul edýäris. Elbetde, häzirlikçe biziň işlerimiz tanymal suratkeşleriň ussatlyk derejesine ýetenok, emma öňde wagtymyz, islegimiz we, iň esasysy-da, deňleşmek isleýän suratkeşlerimiz bar.