Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň işgärleri iň ýaş tomaşaçylar üçin erteki sowgadyny taýýarlady.
Çagalary goramagyň halkara gününde teatryň sahnasynda türkmen halk ertekileri esasynda döredilen «Hyýalymdaky şazada» atly sahna oýny görkezildi. Pýesanyň awtory dramaturg Öwezmämmet Galandarow boldy, sahnanyň rejissory Ogulgüzel Gurbanowa sahna bezegçisi Kuwwat Mämmetnepesow boldy.
Sahna oýny çagalar üçin bolsa-da, ol dogruçyllyk, zähmetsöýerlik we hoşniýetlilik ýaly möhüm mowzuklary gozgaýar.
Bägül atly ýetim gyz öweý enäniň elinde galýar. Bir gün ol Bägüli tokaýa suwa iberýär. Tötänlik zerarly gyzjagaz küýzesini guýynyň düýbüne gaçyrýar. Öweý enesiniň, küýzäni ýitirendigi üçin, oňa käýejekdigini bilen Bägül zar-zar aglaýar.
Birdenem, ýerden çykan ýaly bolup, onuň öňünde tokaý jadygöýleri peýda bolýar. Jadygöýler eger gyzjagaz olaryň geýim ýamamak, uzyn saçy darap örmek ýaly ähli haýyşlaryny ýerine ýetirse, kynçylykdan alyp çykmaga taýýardyklaryny aýdýarlar. Jadygöýler Bägülüň zähmetsöýerligini, rehimdarlygyny we hemmelere ýagşylyk etmäge taýýardygyny belläp, kömek edendigi üçin ony sylaglaýarlar we oňa täze altyn küýze berýärler.
Ýöne hekaýat munuň bilen tamamlanmaýar, öňde gyza has agyr synaglar garaşýar, eger şolardan geçip bilse, ol şazada duşýar.
Keşpleri ýerine ýetiren artistler G. Hajymämmedowanyň, P. Elýasowyň, M. Gurbanowanyň, O. Annagylyjowanyň, N. Janmämmedowyň ajaýyp ýerine ýetirmegindäki ybrat beriji bu ertekini ýaş tomaşaçylar örän haladylar.
Mekdep okuwçylary üçin tomusky dynç alyş döwründe sahna oýnunyň görkezilişi dowam eder.