Ï Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy

view-icon 5041
Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy

Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher  ̶ Arkadag şäheri «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy. Türkmen paýtagtynda ÝHHG-niň merkeziniň täze edarasynyň açylmagyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşykda degişli şahadatnamany gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginiň ajaýyp künjekleriniň birinde gurlan täze, Arkadag şäherinde rahat ýaşamak we zähmet çekmek üçin döwrebap amatlyklary bolar. Özi hem sebitde üýtgeşik «akylly şäher» ekologiýa ölçeglerine doly laýyk gelýär we daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşýar. Şäheriň arassa dag howaly ajaýyp ýerde gurulmagy bu ýerde raýatlaryň oňaýly ýaşamagy we işlemegi üçin ähli şertleriň üpjün edilendigini görkezýär.

Aşgabatdan 30 km günorta-günbatarda ýerleşýän Arkadag şäheriniň gurluşygy 2019-njy ýylda başlandy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň meýilnamasyna laýyklykda, ýörite Kanun bilen döwlet ähmiýetli şäher derejesine eýe bolan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassa ulagly (elektrik awtobuslary we elektrik awtoulaglary), «akylly» awtoulag duralgalary, gün panelleri, ýel generatorlary we ş.m. desgalary bolan ýurtda ilkinji «akylly» şäher bolar. 

Häzirki wagtda şäher gurluşygynyň birinji nobatdakysynyň desgalarynyň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Arkadag şäherinde şäheriň Döwlet arhiwi, adybir teleýaýlym, gazet we futbol topary döredildi. Ýeri gelende, «Arkadag» futbol toparynyň futbolçylarynyň Türkmenistanyň futbol çempionatynda üstünlikli çykyş edýändigini aýtmak gerek.