Ï Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça ekspress- awtobuslara onlaýn petek satylyp başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça ekspress- awtobuslara onlaýn petek satylyp başlandy

view-icon 2792

Bu barada, 11-nji iýundan başlap Aşgabat-Awaza-Aşgabat ugry boýunça her gün gatnaýan täze ekspress-awtobuslary gatnadýan UlagExh HJ-nyň saýtynda habar berilýär. 

Petegiň bir tarapa bahasy 100 TMT. Petekleri Aşgabadyň halkara awtomenziliniň kassasyndan, şeýle hem auh.com.tm internet saýtyndan satyn alyp bilersiňiz.

Awtobus ilki Aşgabatdaky Halkara awtomenzilden ugraýar. Ekspress awtobuslarda howany dolandyrmak ulgamy we giň goş-golam bölümi bilen enjamlaşdyrylan ýokary amatlyklar göz öňünde tutulan. Ýolagçylar daş-töwregiň ajaýyp gözelliklerine syn edip, Aşgabatdan Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna syýahat edip bilerler. Müşderiler barada alada UlagExh-iň ileri tutýan ugrudyr, şonuň üçin hyzmatlarda howpsuzlyk, hil we tizlik esasy meselelerdir.

UlagExh – ulag-ekspeditor hyzmatlary pudagynda öňdebaryjy türkmen kärhanalarynyň biridir. Maliýe jogapkärçiligi öz üstüne alýan HJ Türkmenistanyň ähli ýerine we ýurdumyzyň daşyna ýük daşamak hyzmatlaryny teklip edýär.