Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan “Adamyň at-abraýyny peseldýän ýa-da mertebesini kemsidýän hereketlere garşy halkara standartlaryny Milli kanunçylyga ornaşdyrmak” atly iki günlük onlaýn maslahat guraldy. Maslahat “Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam etmek”. taslamanyň çäklerinde geçirildi
Çäräniň maksady 2021-2025-nji ýyllar aralygyny amala aşyrmaga degişli milli düzümleriň wekillerini, hukukçylary we žurnalistleri adam hukuklary (deffamasiýa) boýunça halkara standartlary we olary milli kanunçylygyna geçirmek bilen tanyşdyrma boldy.
Maslahata gatnaşan Awstriýanyň halkara ekspertleri Andreý Rihter we Gruziýadan Mamuka Andguladze diffamasiýa babatda halkara standartlaryny ulanmagyň täsirlerini we iň gowy tekliplerini hem-de öňdebaryjy tejribeleri barada gürrüň berdiler.
Diffamasiýa - halkara hukuk termini bolup, ol her bir adamyň abraýyny goramak hukugynyň dürli görnüşleriniň bozulmagy üçin umumy termin hökmünde ulanylýar.
Häzirki zaman hukugynda diffamasiýa beýleki bir şahsyň hormatyna we abraýyna zeper ýetirýän ýa-da onuň abraýyny gaçyrýan maglumatlaryň köpçülikleýin ýaýradylmagyny aňladýar.
Adatça, kanunçylygyň bozulmagy, adalatsyz hereketiň amala aşyrylmagy, işde adalatsyzlyk, iş etikasynyň ýa-da iş dolanyşygynyň adatlarynyň bozulmagy hakyndaky tassyklamalar zerur maglumatlara degişlidir.