Ï Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça agşamlar geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça agşamlar geçirilýär

view-icon 5394
Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlary boýunça agşamlar geçirilýär

«Kitap-paýhasyň çeşmesi» kitap klubunyň işiniň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar geçirilýär.

BMG-niň Aşgabatdaky edarasynda geçirilen nobatdaky duşuşyk «Howanyň üýtgemegine garşy göreş» 13-nji maksada, «Deňiz ekoulgamlaryny goramak»14-nji maksada, «Gury ýer ekoulgamlaryny goramak» 15-nji maksada we «Arzan we arassa energiýa» 7-nji maksada bagyşlandy.

Oňa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary gatnaşdylar.

BMG-niň ÖM-niň Türkmenistandaky hünärmenleri ýaş nesliň howanyň üýtgemegine garşy göreşde eýeleýän orny, Aral deňzi çökgünligi we Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek baradaky halkara başlangyçlary barada gürrüň berdiler. Oňa gatnaşanlar galyndylary netijeli dolandyrmak we rejeli ulanmak barada habarly edildi.

Indiki duşuşyk awgust aýynda geçiriler we «Ýerlikli iş we ykdysady ösüş» 8-nji maksadyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanar.