Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalda halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyna degişli ylmy gözlegleriň täze açyşlaryny hem-de netijelerini öwrenmäge bagyşlanan makalalar giň okyjylar köpçüligine hödürlenilýär.
Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar. «Açyşlar we täze işläp düzmeler» bölümindäki «Oguz toparyndaky türki dilleriň ylmy esasda deňeşdirilip öwrenilişi» atly makalada günorta-günbatar toparynyň türki diliniň dil aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy işlere we monografiýalara syn berilýär. Türkmen alymlarynyň işlerinde Oguz toparyndaky häzirki zaman dilleri, grammatik kadalaryň umumylygy we aýratynlygy, gelip çykyşy, ösüşi öwrenilip, möhüm ylmy netijeler çykarylypdyr.
«Türkmen alabaýynyň täze tapylan taryhy yzlary» atly makalada soňky ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Paryzdepe, Daňdanakan, Ýasydepe, Şähryslam, Şährihaýbar ýadygärliklerinde we beýleki ýerlerde türkmen alabaýynyň laýdan, faýansdan ýasalan heýkeljikleriniň tapylandygy hakynda aýdylýar. Munuň özi pederlerimiziň türkmen alabaýlaryny köpeltmäge we terbiýelemäge, olaryň tohumyny gorap saklamaga uly ähmiýet berendiginiň ygtybarly subutnamasydyr. Makalada gadymy halylaryň ýüzünde türkmen alabaýynyň aýak yzlarynyň şekillendirilişine aýratyn üns çekilýär. IX — XIV asyrlara degişli bolan «güjük yzy» şol nagyşlaryň biridir. Gadymy ynanja görä, bu göl adamlaryň öýüni we mal-mülküni howplardan gorapdyr. Şeýle hem türkmen halylarynda, palaslarynda, keçelerinde, beýleki el işlerinde «tazyguýruk» nagşyna duşmak bolýar.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly öz döredijiliginde dürli mowzuklara ýüzlenipdir. «Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» bölüminde ýerleşdirilen «Magtymgulynyň şygyrlary türkmen-hindi gatnaşyklarynyň taryhynda» atly makalada Pyragynyň Hindistana bagyşlap ýazan şygyrlary öwrenilýär. Şeýle hem bu bölümde «Zöhre-Tahyr» sýužetiniň Stawropol nusgasy» atly makala okyjylara hödürlenilýär. Bu dessanyň sýužeti diňe bir türkmen halk döredijiliginde we edebiýatynda däl, eýsem, türki halklaryň köpüsiniň halk döredijiliginde-de gabat gelýär. Makalada dessanyň Stawropol türkmenleriniň dilinden ýazylyp alnan nusgasynyň onuň asyl nusgasyndan tapawutlanýandygy bellenilýär. Milli nagyşlaryň döreýşi we olaryň manysy barada gürrüň berýän «Türkmeniň milli nagyşlary we gadymy ynançlar» atly makala hünärmenlerde gyzyklanma döreder.
Žurnalyň nobatdaky sany ýurdumyzyň şu ýylyň birinji çärýegindäki jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşyndaky wakalara syn bilen jemlenýär. Bu bölümde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk döredijilikli, durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýän makalalar öz beýanyny tapýar. Muzeý we arhiw gymmatlyklarynyň köp sanly suratlary türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen makalalara aýratyn öwüşgin çaýýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.