Ï Halkara ýoga güni mynasybetli dabara geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ýoga güni mynasybetli dabara geçirildi

view-icon 5755
Halkara ýoga güni mynasybetli dabara geçirildi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Halkara ýoga güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli şäherlerinde baýramçylyk çärelerini geçirýär. Şeýle çäreleriň biri hem ýakynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde geçirildi.

Mary şäherinde başlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde dowam etdi. Jemleýji çäreler bolsa 21-nji iýun güni Aşgabat şäherinde geçiriler.

Welaýat merkezindäki 7-nji sport mekdebinde geçirilen dabarada hindistanly hünärmenler ýoga maşklarynyň peýdasy barada gysga möhletli okuw sapagyny geçdiler. Şeýle hem olar ýoga maşklarynyň görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk çäresine şäheriň ýaşaýjylarynyň gyzyklanmasy uly boldy. Olar bütin dünýäde meşhur rahatlandyryjy maşklar baradaky täsirli gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlediler, şeýle hem hünärmenlere goşulyp, käbir maşklary bilelikde ýerine ýetirdiler.

Halkara ýoga güni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy bu baýram baradaky degişli Kararnamany 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda kabul etdi.

Ýoga sungatyna biziň ýurdumyzda hem uly üns berilýär. Paýtagtymyzda eýýäm birnäçe ýyldan bäri Ýoga merkezi işläp gelýär. Oňa Aşgabadyň ýaşaýjylary uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy hem 2018 ―2030-njy ýyllardaky bedenterbiýe işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça meýilnamasynda saglygy gowulandyrmak boýunça çäreleriň biri hökmünde ýoga bilen meşgullanmagy maslahat berýär. Ýoga ähli adamlaryň beden taýdan taplanmagyna, işjeň bolmagyna we çeýeligi ýokarlandyrmaga kömek eder.

Ýoga Hindistanda dörän gadymy fiziki, akyl we ruhy tejribedir. «Ýoga» sözi sanskrit dilinden gelip çykyp, «baglanyşyk» diýen manyny berýär. Ýagny, ol beden bilen aňyň birleşmegini häsiýetlendirýär.