Türkmenistanda yssy we şemally howanyň bolmagyna garaşylýar. Käbir sebitlerde howanyň ortaça temperaturasy + 43 gradus bolar.
Aşgabatda güneşli we şemally howa bolup, howa gündizlerine +39… +41, gijelerine +26… +28 gradus bolar.
Ahal welaýatynda güneşli howa bolup, howa gündizlerine +37…+42, gijelerine +24… +29 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda güýçli şemal bolar diýlip garaşylýar.
Balkan welaýatynda şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +34…+39, gijelerine +24...+29 gradus bolar.
Mary welaýatynda yssy howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +38…+43, gijelerine +23… +28 gradus bolar.
Lebap welaýatynda güneşli we şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +38… +43, gijelerine +24…+29 gradus bolar.
Daşoguz welaýatynda şemally howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +35… +40, gijelerine +21…+26 gradus bolar.
Yssy günlerde Gün urmazlygy üçin onuň täsirini çäklendirmäge synanyşyň. Munuň üçin ýeterlik möçberde suw içiň. Daşary çykanyňyzda ykjam we rahat eşikleri saýlaň. Daşary çykanyňyzda göni Gün şöhlesinden goramak üçin başgaply ýa-da saýawanly çykyň.