Ï Arkadag şäherine bagyşlanan eserler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherine bagyşlanan eserler

view-icon 4765
Arkadag şäherine bagyşlanan eserler

Milli Gurban baýramy bellenýän günleri Türkmenistanda möhüm taryhy waka  ̶ Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bolar.

Bu waka mynasybetli şu ýylyň başynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «Bagt şäheri – Arkadag» ady bilen döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarow bäsleşige uly höwes bilen gatnaşdy.

 Režissýor teatr işinden daşgary ýazyjy we dramaturg hökmünde hem çykyş edýär. Iň gowy pýesa üçin bäsleşige bagyşlap, ol ýörite «Bagt şäheri – Arkadag» we «Harran söweşi» ýaly täze sahna eserlerini döretdi.

Biz awtor bilen söhbetdeşlikde bu drama eserleri, olaryň aýratynlygy barada gürrüň etdik.

- Öwezmämmet Esenmämmedowiç, «Bagt şäheri – Arkadag» pýesasy barada okyjylarymyza gysgaça gürrüň beräýseňiz. Ol haýsy wakalara bagyşlanýar?

- Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylmagy «Bagt şäheri – Arkadag» eserini ýazmagyma ylham berdi. Elbetde, Türkmenistanyň paýtagtynyň golaýynda döwlet derejeli şäheriň gurulmagy-- sanly ulgama we XXI asyryň iň täze tehnologiki çözgütlerine esaslanýan özboluşly taslamadyr.

Spektaklyň baş gahrymany Ylham atly ýaş ýigit. Ol Aşgabatda doglup, çagalygyndan bilesigelijiligi bilen tapawutlanýar we uçýan döwrebap enjam gurmagy arzuw edýär. Mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine okuwa girýär.

Bir gezek ýaş alymlaryň ylmy maslahatynda Ylham Aýjemal atly žurnalist gyz bilen tanyşýar, ol ýigidiň täze taslamalary bilen gyzyklanýar. Gahrymanlar üçin bu duşuşyk ykbal çözüji duşuşyk bolýar.

Aýjemala aşyk bolan ýaş alym täze robot döredýär. Emeli intellektli awtomatlaşdyrylan enjam täze gurulýan Arkadag şäherinde synag edilýär.

«Bagt şäheri – Arkadag» diýmegi aňladýan «BŞA» söz gysgaltmasyny alan robot synaglardan üstünlikli geçensoň, ol Türkmenistanda köpçülikleýin öndürilip başlanýar. Indi Ylhamyň oýlap tapan enjamy durmuş hyzmaty edaralarynda, awtoulag duralgalarynda, kafelerde, hassahanalarda, jemgyýetçilik ulaglary kompaniýalarynda we beýleki «akylly» şäher kärhanalarynda ulanylýar.

Bagtyýar Ylham bolsa, Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gabatlap Aýjemal bilen durmuş toýuny tutýar.

-Giňişleýin jogap bereniňiz üçin sag boluň. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň teatrlarynyň birinde siziň täze pýesaňyz sahnalaşdyrylar diýip umyt edýäris. Öwezmämmet Esenmämmedowiç, häzirki zaman mowzuklaryndan başga-da, siz taryhy temalary hem ünsden düşürmeýärsiňiz . «Harran söweşi» pýesasy nämä bagyşlanan?

- «Harran söweşi» eseri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby esasynda ýazyldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu çuň manyly edebi eserinde möhüm taryhy köp maglumat bar.

Ata-babalarymyzyň harby sungatynyň kämilligi şol döwrüň iň güýçli döwleti hasaplanýan Rim imperiýasy bilen paýtagty Nusaý şäheri bolan beýik Parfiýa döwletiniň arasyndaky gapma-garşylykda hem subut edilipdir.

Bu pýesanyň wajyp mowzuklarynyň hemmesini açyp görkezmekçi däl. Ýakyn wagtda «Bagt şäheri – Arkadag» bäsleşigine iberilen iň gowy sahna eserleri we goşgular okyjylar köpçüligine elýeterli bolar diýip çak edýärin.

- Indi, pursatdan peýdalanyp, ýetip gelýän baýram - Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni barada biraz gürrüň beräýseňiz.

- Täze Arkadag şäheriniň açylmagynyň öňüsyrasyndaky häzirki günlerde biz, teatr işgärleri, döwrebap şäheriň döremegi bilen birlikde ýurdumyzda ýene bir teatryň döreýändigine begenýäris. Bilşiňiz ýaly, täze döwlet drama teatryna Aman Gulmämmedowyň ady dakylar.

Men türkmen teatr sungatyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan meşhur artistiň, dramaturgyň we režissýoryň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan «Sungata örklenen ömür» atly täze sahna eserimi ýazyp başladym.