Dünýä jahankeşdeliginiň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk syýahatçylyk zolagyna häzirki wagtda dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar. Olar dynç alyş we sagaldyş binalarynda, kottejler toplumlarynda, seýilgählerde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde ýokary hil ülňülerine kybap döredilen ähli amatlyklardan peýdalanyp, bu meşhur zolagyň taýsyz täsinliklerinden, gözelliklerinden ruhy lezzet alýarlar. Şeýle-de dynç almaga gelýän raýatlar deňziň kenar ýakalarynda gezelenç edip, onuň hoştap howasyndan dem almagy dynç alşyň egsilmez höziri hasaplaýarlar.

Gojaman Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezäp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň eziz Diýarymyzyň beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinden tapawutly tarapy onuň ekologik taýdan arassa, jana şypaly deňiz ýakasynda ýerleşýänligidir. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli sebitlerinden hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinden gelen dürli ýaşdaky adamlaryň uly topary hezil edip dynç alýarlar.

Bu täsin künjekdäki dürli derejeli myhmanhanalaryň, kottejler toplumlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň 34-si hem-de «Awaza» şypahanasy bu ýere wagtlaryny peýdaly, şadyýan geçirmäge, saglygyny dikeltmäge gelýän raýatlary mähir bilen garşylap, olaryň arzyly isleglerine görä dürli görnüşli ajaýyp hyzmatlary edýärler. Çagalaryň arasynda guralýan zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda medeni-sport çäreleriň, şadyýan oýunlaryň, gezelençleriň şowhuny bu gün ajaýyp zolagyň çar künjegini gurşap alýar. Şunuň ýaly gyzykly, täsirli çäreler ýurdumyzyň sebitlerine degişli bolan Awazadaky «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde-de giň gerime eýe bolýar.

Şeýle dabaralar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň ýaly-da dynç alýan dürli ýaşdaky raýatlar «Awaza» akwoparkynda, «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» atraksionly seýilgählerinde baý mazmunly gyzykly gezelençlerde bolýarlar. Mawy deňziň kenaryny bezäp oturan owadan myhmanhanalaryň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottejler toplumlarynyň, ýaht klublaryň... çägindäki suwa düşülýän howuzlar, aýdym-saz, dynç alyş ojaklary, Awazadaky owazlanyp asmana göterilýän Suw çüwdürimler toplumy we beýleki birgiden ajaýyp merkezler hem köpçüligiň arzyly ýerlerine öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, Hazaryň giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda dürli gämileriň, gaýyklaryň, katamaranlaryň hereketi aýdym-sazly çykyşlaryň şowhuny bilen utgaşyp, alyslara ýaň salýar. Dynç alşyň dowamynda welosipedli gezelenje çykyp, Awazanyň gözel ýerlerine seýran edýänleriň hatary hem barha artýar.

«Awaza» derýasynyň kenarynda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» muzeýi hem çagalardyr ulularyň iň bir gelim-gidimli, arzyly ýeri hasaplanýar. Muzeýde rejelenip goýlan dürli görnüşli gämi şekilleri bolsa dünýäniň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän suw giňişliklerinde irki döwürlerde hereket eden ulaglaryň, şol sanda häzirkizaman gämileriň taryhyndan söz açýar. Elbetde, olar hakynda geçen asyrlara degişli taryhy ähmiýetli, geň-enaýy maglumatlary bilmek, öwrenmek dürli ýaşdaky, dürli kärdäki her bir adam üçinem gyzykly bolsa gerek.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli ajaýyp şertler bu ýerde iň ýagşy arzuw-isleglere laýyk derejede sapaly dynç almaga doly mümkinçilik berýär. Hut şoňa görä-de, wagtlaryny hoş geçirip, dynç alşyň hözirini görýän bagtyýar raýatlar Awazada döredilen ýakymly mümkinçilikler, taýsyz peşgeşler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini aýdýarlar.