Ï Aşgabatda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Medeniýet hepdeligine badalga berildi

view-icon 4143
Aşgabatda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu iri medeni forum her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Döredijilik forumynyň maksady halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamakdan, içgin öwrenmekden, giňden wagyz etmekden, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmekden, täze zehinleri ýüze çykarmakdan we halkyň medeni derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda 2013-nji ýylda ilkinji gezek guralan Medeniýet hepdeliginiň häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gezekleşikli esasda geçirilýändigi bellärliklidir. Olarda halkymyzyň baý medeniýetiniň nyşany bolup, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy medeniýetimiziň gazananlaryny özünde jemleýän sebitleriň taryhy-medeni mirasy köpöwüşginliligi bilen görkezilýär. Şunuň bilen birlikde, her ýylda geçirilýän bu forum milli sungatymyzyň ähli görnüşlerini — opera we aýdym-saz, kino, teatr, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň özboluşly keşbini şöhlelendirýär.

Medeniýet hepdeliginiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi döredijilik forumyna aýratyn ähmiýet berýär. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň paýtagtynda guralýan bu sungat baýramy halkymyzy zähmet üstünliklerine, döredijilikde we sungatda ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar. Döredijilik işgärleriniň öňünde milli medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olary şöhratly taryhymyzy hem-de sungatymyzy öwrenmäge höweslendirmek ýaly jogapkärli wezipe durýar. Türkmen halkynyň beýik pederleriniň hatarynda Magtymguly Pyraga aýratyn orun degişlidir.

Magtymguly Pyragy dünýä derejesinde meşhur şahsyýet bolmak bilen, mundan ýüzlerçe ýyl ozal bolşy ýaly, häzirki wagtda-da dünýä halklaryny umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýän belent şygryýet ruhy bilen birleşdirýän jebisleşdiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Onuň ady bütin dünýä bellidir. Şahyryň ajaýyp eserleri dürli dillerde neşir edilýär. Beýik şahyryň şygryýeti Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly geçmişiň dünýä belli şahyrlarynyň we filosoflarynyň, alymlarynyň, akyldarlarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun aldy. Magtymgulynyň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyna girýär. Türkmen halky her ýyl iki baýramy bilelikde bellemek bilen, beýik nusgawy şahyryň döredijiligine aýratyn sarpa goýýar.

Türkmenistanda 2024-nji ýylda nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram etmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Şanly sene mynasybetli geljek ýyl Aşgabatda şahyryň belent ýadygärlik toplumy açylar. Ýurdumyzda türkmeniň beýik oglunyň hormatyna guralýan dabaralar halkara ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren Magtymgulynyň edebi mirasyny mundan beýläk-de öwrenmek hem-de giňden wasp etmek meselelerine çekmäge gönükdirilendir. Halkara derejeli, giň gerimli medeni waka hökmünde bu baýramçylyk türkmen halkynyň öz akyldar şahyryna belent sarpasynyň, Gündogaryň meşhur filosofy hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýädäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň sebitlerinden teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeý, kitaphana işiniň hünärmenleri, suratkeşler, şahyrlar, belli folklor-etnografiýa toparlary geldiler.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde guraljak ýaş aýdymçylaryň, sazandalaryň konsertleri, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, fotosuratlaryň sergileri, kino görkezilişleri, şygryýet agşamlary türkmen medeniýetiniň dürli ugurlaryny açyp görkezer.

Medeniýet hepdeligi bilen birlikde, Aşgabatda geçiriljek Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi hem giň gerimli çärelere aýratyn dereje berer.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde guralýan şu gezekki döredijilik çäresiniň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, guramalaryň, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynyň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ajaýyp milli sazlar ýaňlanyp, bu ýerde halkymyzyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny, baý medeni mirasyny we sungatyny görkezýän sergi guraldy. Onda milli senetçilik, keramika, heýkeltaraşlyk, zergärçilik, şekillendiriş sungatynyň gymmatlyklary görkezildi.

Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okalýar. Gutlagda: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir. Şu ýyl ýurdumyzyň teatr artistleriniň, suratkeşleriniň, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri medeniýet ulgamynyň ösüşiniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr” diýlip bellenilýär.

Soňra ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň we meşhur döredijilik toparlarynyň konserti boldy. Tehniki serişdeleriň ulanylmagy esasynda şekil aýratynlyklary bilen döredilen özboluşlylyk, çykyşlaryň her birinde kiçi sahna spektakllarynyň guralmagy milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň köpöwüşginliligini şöhlelendirdi. Konsert “Sungata sarpa bar, bagtyýar ýurtda, Arkadagym bilen Arkadagly Serdarym!” atly edebi-sazly çykyş bilen açyldy. Teatr artistleriniň we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde bu aýdym hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýan ýurdumyzyň şu gününe buýsanç senasy bolup ýaňlandy. Söz sungatyny, aýdymy, sazy, tansy utgaşdyrýan bu kiçi sahna eseri dabara gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi.

Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten bagşyçylyk sungaty köpasyrlyk çeperçilik gymmatlyklarynyň esasynda kemala gelip, nesiller tarapyndan kämilleşdirilen medeniýetimiziň ähli ulgamyny, çeperçiligiň belent nusgasyny özünde jemleýär. Milli sungatymyzyň iň gowy däpleri “Alkyş aýdýas Arkadagly Serdara” atly çykyşda öz beýanyny tapdy.

Soňra çagalar döredijilik toparlary öz taýýarlan baýramçylyk sowgadyny tomaşaçylara görkezdiler. Ýaşajyk artistleriň “Biz bagtyýar nesiller” atly belent joşgun bilen ýerine ýetiren çykyşy bagtyýar çagalygy, arzuwlary hasyl edýän ýurdumyzyň waspyny ýetirdi.

Dabara sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň — dürli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we belli saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Artistleriň çykyşlary bilen utgaşýan wideoşekiller döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarydyr özgertmeleri bilen baglanyşykly möhüm ähmiýetli wakalary, ýurdumyzyň medeni durmuşyny şöhlelendirdi.

Belent heňde ýerine ýetirilen “Alkyş Size, Arkadag!” atly aýdym halkymyzyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatynyň we söýgüsiniň senasy bolup ýaňlandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Kerim Berdimuhamedowyň bilelikde döreden “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdymy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ýygnananlar “Dehistan” folklor toparynyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-tans toparlarynyň çykyşlaryna uly şatlyk-şowhun bilen tomaşa etdiler. Olaryň “Bäş welaýat toýa geldi jem bolup” atly çykyşy milli medeniýetimiziň baý özboluşlylygyny, Diýarymyzyň sebitlerine mahsus aýratynlyklary özünde jemledi.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Gülle, medeniýetim, sungatym bu gün!” atly çykyş dabaranyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Onuň sazy we sözleri medeniýet işgärleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallygynyň we iň gowy arzuwlarynyň beýany bolup ýaňlandy.

Medeniýet hepdeliginiň açylyşyna bagyşlanan çäreler günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde dowam etdi. Bu ýerde “Muzeýlerde gurnalan sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň muzeý işini ösdürmekdäki ähmiýeti” atly iş maslahaty hem-de muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işini kämilleşdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek boýunça usulyýet okuwlary geçirildi.

Halkymyzyň baý taryhyny öwrenmegiň, maddy we ruhy mirasyny gorap saklamagyň, dünýä giňişliginde wagyz etmegiň döwletimiziň ileri tutýan wezipeleriniň biridigini bellemek gerek. Bu işleriň durmuşa geçirilmeginde halkymyzyň gymmatly taryhy-medeni mirasyny gorap saklaýan muzeýlere, iri ylmy merkezlere aýratyn orun degişlidir.

Döredijilik çäresine Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, “Watan mukaddesligi” muzeýiniň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, “Gökdepe” milli muzeýiniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri, şol sanda muzeý işini kämilleşdirmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň usulyýetini guramak çykyşlaryň esasy mazmunyny düzdi.

Maslahatyň çäginde milli medeni mirasymyzy gorap saklamakda we wagyz etmekde ýurdumyzyň muzeýleriniň alyp barýan işi bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezilip, täsirli maglumatlar berildi.

Maslahatda Diýarymyzyň döwlet muzeýlerinde “Wirtual syýahat” taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň, muzeý gymmatlyklaryny hasaba almakda sanly ulgamyň orny, sungat eserlerini gorap saklamak mümkinçilikleri, muzeýleriň web saýtlaryny döretmegiň we işini ýola goýmagyň ähmiýeti baradaky çykyşlar diňlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe muzeýleriň, şol sanda, ýurdumyzyň ähli muzeýleriniň usulyýet merkezi bolan Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň gaznasyndaky gymmatlyklaryň artdyrylýandygy bellenildi. Çykyş edenler muzeý işini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barada durup geçmek bilen, Türkmenistanda diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýetli medeni-taryhy gymmatlyklaryň uly toplumynyň bardygyny bellediler.

Kabul edilen möhüm çözgütleriň milli mirasymyzyň goralyp saklanylmagy we içgin öwrenilmegi babatda döwlet derejesinde alada edilýändigini görkezmek bilen, bu ugurda dünýä jemgyýetçiligi bilen hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň ýol açýandygyny nygtadylar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeýleri halkara medeni hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrüldi. Mundan başga-da, muzeý işini sanly ulgam esasynda kämilleşdirmek, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleri watançylyk we belent adamkärçilik ruhunda terbiýelemek babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça gyzykly pikir alyşmalar boldy. Türkmen halkynyň bäş müň ýyla uzaýan taryhy, özboluşly däp-dessurlary, ýurdumyzyň täze eýýamdaky ýeten ägirt uly sepgitleri — bularyň ählisi baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar.

Wideoşekiller bilen utgaşan çykyşlarda bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, wirtual syýahatlar arkaly muzeý gymmatlyklary bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar. Muzeý oýlap tapyşlaryny ösdürmekde, ylmy işleri taýýarlamakda sanly ulgamyň mümkinçilikleri işjeň ulanylýar. Çäräniň dowamynda täze usullar arkaly muzeý gymmatlyklaryny we arheologik tapyndylary rejelemek işinde dünýä tejribesini öwrenmäge bagyşlanan usuly sapaklar guraldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň sebitlerindäki muzeýleriň gaznasynda saklanýan gymmatlyklar, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdyryldy. Bu ýerde halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan däp-dessurlaryndan dörän bezegler we amaly-haşam sungatymyzyň gadymylygyndan habar berýän etnografik gymmatlyklar — milli lybaslar, gaýtalanmajak bezeg şaý-sepleri, ajaýyp haly we gobelen önümleri, başga-da birnäçe gymmatlyklar görkezildi.

Agşam Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry opera sungatyny söýüjiler üçin gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde “Arkaç” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Şeýle-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi.

***

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde baýramçylyk konsertleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynda ata Watanymyzy wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy, milli tanslar ýerine ýetirildi.