Ï Çagalaryň bähbitleri we hukuklary üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň bähbitleri we hukuklary üns merkezinde

view-icon 4032
Çagalaryň bähbitleri we hukuklary üns merkezinde

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Hazar» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynyň 2023-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde çagalaryň hukuklary barada kanuny habardarlylygy ýokarlandyrmak boýunça maslahat geçirildi.

Bu barada Türkmenistanda adam hukuklary boýunça wekiliň resmi saýtynda habar berilýär.

Çärä Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň we müdirlikleriň işgärleri, Balkan welaýat häkimliginiň, Aklawçylar kollegiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň maksady çagalar bilen işleýän edaralaryň işgärleriniň çaga hukuklary babatynda sowadyny ýokarlandyrmak boldy.

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýa.Gurbannazarowa we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili M. Faýýazi duşuşyga gatnaşýanlara ýüzlenip, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň we çagalar bilen işleýän guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň möhümdigini nygtady.

Maslahatyň dowamynda milli kanunçylyga girizilen, şeýle hem çaga hukuklaryna dahylly halkara resminamalar barada çykyşlar diňlenildi. Türkmenistanda çaga hukuklaryny we bähbitlerini «Çaga hukuklarynyň döwlet kepillikleri baradaky» Kanun goraýar.

Maslahat ÝUNISEF-iň wekiliniň çaga hukuklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine gözegçilik saparlarynyň ähmiýeti baradaky çykyşy bilen tamamlandy.