Her ýyl ýurdumyzyň medeni durmuşyny giň gerimde beýan edýän halkara çäre bolan Medeniýet hepdeligine paýtagtymyzda uly dabaralar bilen badalga berilýär .
Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň dürli ugurlarynyň wekilleri özleriniň täze döreden we iň gowy eserlerini görkezmäge taýýarlanýarlar.
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň edebi bölüminiň esasy hünärmeni Baýmyrat Musaýew «AA-nyň» okyjylaryna Medeniýet hepdeliginde täze filmleriň görkeziljekdigi barada gürrüň berdi:
- 22-nji iýundan 27-nji iýuna çenli türkmen kinorežissýorlary tarapyndan surata düşürilen gysga we doly göwrümli çeper filmleriň ençemesini türkmen teleýaýlymlarynda görkezmek meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda
Batyr Batyrowyň režissiýorlyk etmeginde surata düşürilen «Hajygolak» çeper filmi görkeziler. Filmde ökde sazanda bolan Hajy atly bir ýetginjegiň hekaýasy we meşhur «Hajygolak» sazynyň döreýşi barada gürrüň berilýär.
Wepa Işangulyýewiň “Uly baýragyň gymmaty” atly doly göwrümli çeper filmi dünýä belli ahalteke atyny, türkmenleriň at münmek sungatyny açyp görkezýär.
Režissýor Myrat Orazowyň adybir türkmen dessany esasynda surata düşüren «Hüýrlukga-Hemra» atly doly göwrümli çeper filmi hem görkeziler. Filmde iki ýaş juwanyň gatnaşygy, arassa söýgüsi we olaryň ykballaryndaky kyn synaglar barada gürrüň berilýär.
Režissiýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň «Ýaşlar» atly gysga çeper filminde täsin wakalar, ýaşlaryň ilkinji söýgüleri we türkmen halkynyň toý däpleri beýan edilýär.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýerli telewideniýede görkezilýän filmler bilen bir hatarda "Aşgabat" kinoteatrynda režissýor Arslan Eýberdiýewiň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döreden "Istärin" atly çeper filmine diňe bir türkmen raýatlary däl, eýsem paýtagtymyzyň daşary ýurtly myhmanlary hem tomaşa edip bilerler.