Ï Medeniýet hepdeligi — 2023: ikinji gün
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi — 2023: ikinji gün

view-icon 4983
Medeniýet hepdeligi — 2023: ikinji gün

Iri döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy. Dabaraly çäreleriň ählisini bir bitewi sazlaşyk — halkymyzyň geçmişi, şu güni, milli mirasymyzyň gadymyýetden gaýdýan köki we geljege uzaýan dowamaty özara baglanyşdyrdy.

Şu gün irden Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar üçin “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guraldy. Açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan Köne we Täze Nusaý galalary ýerli medeni däp-dessurlaryň, gadymy medeniýetiň yzlaryny özünde saklaýar. Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Parfiýa şalygynyň ýadygärliklerini öwrenmegiň taryhy, medeni goraghananyň muzeýinde görkezilýän, arheologlar tarapyndan üsti açylan tapyndylar, düýpli gözlegleri talap edýän bu gymmatlyklar barada soňky ýyllarda edilen ylmy açyşlar bilen tanyşdylar.

2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaýda dürli ýurtlardan meşhur alymlar onýyllyklaryň dowamynda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Olaryň geçiren gözlegleri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, Rim, Hindistan, Hytaý ýaly gadymy döwletler bilen medeni we söwda aragatnaşygyny saklan Parfiýa döwletiniň paýtagtynyň ýaşaýyş medeniýetini göz öňüne getirmäge, taryhyň köp syrlaryny ýüze çykarmaga ýardam etdi. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar häzirki wagtda ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanýar. Şolaryň hatarynda baý medeni mirasyň gadymylygyny alamatlandyrýan nyşanlaryň birine öwrülen pil süňkünden ritonlary, Parfiýa hudaýlarynyň heýkellerini, ak mermerden ýasalan şekilleri, altyndan, kümüşden we bürünçden ýasalan şaý-sepleri, keramika önümlerini, söweş pursady şekillendirilen köpöwüşginli sungat eseriniň, şeýle hem Parfiýa ýazuwynyň galyndylaryny görkezmek bolar.

Nusaýyň çägi arheologik gözlegleriň dowam etdirilmegini talap edýän taryhyň başga-da köp sanly üsti açylmadyk syrlaryny özünde saklaýar. Bu ýerde döwürleriň, nesilleriň, geçmişiň, şu günüň we geljegiň arasyndaky baglanyşyk aýratyn duýulýar.

Soňra Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň tirmeçi bagşylarynyň arasynda geçirilen «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly festiwalda ýerine ýetirilen çykyşlara tomaşa etdiler. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne medeniýet işgärleri, döredijilik toparlary, bagşy-sazandalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri döwletimiziň Garaşsyzlygynyň, Bitaraplygynyň özboluşly senasy, parahatçylyk söýüjiligiň, ýagşylygyň, dostlugyň we doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýan milli saz sungatymyzyň gaýtalanmajak eserlerinden lezzet almaga ýygnandylar.

Nesilden-nesle geçirilip kämilleşdirilen dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty dünýä gymmatlyklarynyň mirasynda mynasyp orun aldy. Müňýyllyklaryň dowamynda dutar saz guraly türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmegindäki dessanlarda halkymyzyň geçmiş taryhy şöhlelenýär. Bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdymlary, dessanlary bagtyň, gussanyň, şatlygyň we döz gelmeleriň, kalp gözelliginiň we duýgularyň hakyky hem-de tolgundyryjy beýanyny özünde jemleýär. Dutaryň mukamy janly tebigatyň, tokaýyň, daglardan syzylyp çykýan çeşmeleriň, guşlaryň owazy bilen utgaşýar. Onuň jadylaýjy mukamynyň adamy birnäçe dertlerden, kesellerden saplap, güýç-kuwwat berýändigini aýdýarlar. Dessançy bagşylar gürrüň berýän dessanynyň gahrymanlarynyň duýgusyny ynandyryjy beýan etmek bilen, ony diňleýänlerde hem çuňňur gynançdan joşgunly begenje çenli duýgulary oýaryp bilýär.

Bagşynyň ýerine ýetirýän mukamy köpasyrlyk çeperçilik däpleriniň esasynda kemala gelen we nesiller tarapyndan kämillige ýetirilen türkmen medeniýetiniň keşbini janlandyrýan ýokary ussatlygyň nusgasydyr. Häzirki wagtda bagşyçylyk sungatynyň öwrenilmegi, giňden wagyz edilmegi ýurdumyzda halk sazandalaryna, dessançylaryna aýratyn hormat goýulýandygynyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, 2022-nji ýylda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky güwänamanyň gowşurylmagy ýurdumyzda hakyky baýramçylyk wakasy hökmünde garşylanyldy.

Günüň ikinji ýarymynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň öwrenilmegine hem-de goralyp saklanylmagyna bagyşlanan halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Oňa Medeniýet ministrliginiň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, medeniýet hem-de ylym ulgamlarynyň işgärleri, muzeý hünärmenleri, degişli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. 

Çykyşlarda milli taryhy-medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini aýawly saklamak, öwrenmek, Diýarymyzyň çägindäki gözel künjeklere ýurdumyzdan we daşary döwletlerden syýahatçylaryň çekilmegine degişli meselelere deglip geçildi. Syýahatçylaryň akymy, esasan, dünýä, milli we ýerli medeni gymmatlyklar, dessurlar, etnografik aýratynlyklar, binagärlik desgalary we dini däp-dessurlar bilen tanyşmaga bolan gyzyklanma bilen şertlenýär. Şol bir wagtda, taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikleriň asyl durkunyň saklanylmagyny üpjün etmek, olaryň abatlanylmagy we goralmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi möhümdir. Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri welaýatlardaky köp sanly taryhy ýadygärlikleriň ylmy taýdan öwrenilmegi, gaýtadan dikeldilmegi babatda degişli işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde halkara bilermenleriň gatnaşmagynda bu ugurda bilelikdäki arheologik barlaglaryň birnäçesi alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, döwlet hasabyna alnan 1400-den gowrak taryhy, medeni ýadygärlikleriň her biri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Şolaryň hatarynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun, Änew, Köne Nusaý, Gadymy Merw, Köneürgenç, Gadymy Dehistan, Gadymy Sarahs, Abiwerd we Gökdepe galasy bar. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary bolup, her biri açyk asmanyň astyndaky gaýtalanmajak muzeýdir. Türkmenistan bahasyna ýetip bolmajak taryhy mirasyň Watany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri umumadamzat gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Döredijilik forumynyň çägindäki çäreler Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň häzirki zaman eserleriniň sergisi bilen dowam etdi. Bu ýerde görkezilen sungat eserleri Watanymyza bolan söýgini, onuň häzirki döwürde ýeten belent sepgitlerini, mähriban topragymyzyň ajaýyp gözelligini, türkmen halkynyň ruhy dünýäsini we onuň geçmiş mirasyny şöhlelendirýär. Sergä gatnaşyjylar milli medeniýetimiziň galkynmagy, onuň geçmişiniň ylmy taýdan öwrenilmegi, ýaşlaryň döredijilik güýjüniň höweslendirilmegi üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, geljekde-de Watanymyzyň şöhratlanmagy üçin ähli döredijilik ylhamyny we zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ýurdumyzyň sebitlerindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň gymmatlyklary serginiň esasy özenini düzdi. Sebitlere mahsus özboluşlylygy, däp-dessur aýratynlyklaryny beýan edýän suratkeşleriň we halk ussatlarynyň eserlerini bir ýere jemlän sergi türkmen jemgyýetiniň ruhy baýlygy barada gürrüň berýän döredijilik kuwwatynyň çeşmelerini bir ýere birikdirýän ummany ýada salýar. Bu ýerde şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlaryna we aýratynlyklaryna eýe bolan eserler görkezildi. Şekillendiriş, heýkeltaraşlyk eserleriniň birnäçesi täze taryhy eýýamymyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmelere, ak mermerli Aşgabadymyza bagyşlanýar. Tebigatymyza bagyşlanyp çekilen surat eserlerinde bolsa nurly, şahyrana kalp, adamzada, mähriban topragymyza bolan söýgi jemlenýär.

Şekillendiriş sungatynyň ösüşiniň dowamatlylygy ýaş suratkeşleriň türkmen tebigatyna bagyşlap döreden eserlerinde aýdyň ýüze çykýar. Ýaş suratkeşler özleriniň döredijilik gözýetimlerini şäher peýzažynda, tebigat gözelliginde, portretlerde we žanr aýratynlyklarynda aýdyň beýan edýärler.

Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň çäreleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde geçirilen konsert bilen tamamlandy. Bu ýerde ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň döredijilik toparlarydyr aýdymçylary özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.