Ï Ruhy tämizligiň we ynsanperwerligiň baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ruhy tämizligiň we ynsanperwerligiň baýramy

view-icon 5033
Ruhy tämizligiň we ynsanperwerligiň baýramy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Ýurdumyzda toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän Gurban baýramy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gabat gelmegi baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiljek milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy öz içine alýan Gurban baýramy päkligiň, hoşniýetliligiň, sahawatlylygyň baýramydyr.

Eziz Diýarymyzda Gurban baýramy ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza laýyklykda döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ruhy päkligi dabaralandyrýan bu baýramçylygyň şanyna paýtagtymyzda we welaýatlaryň ähli künjeklerinde halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan watansöýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dostlugyň belent ýörelgelerini rowaçlandyrýan baý mazmunly, aýdym-sazly, şowhunly dabaralar geçirilýär.

Munuň özi ýurdumyzda toý-baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ahlak we ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň ýaş nesillerimizde ajaýyp gylyk-häsiýetleri terbiýelemäge, dost-doganlygy we parahatçylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.