Ï “Maşgala syry” atly gülkili sahna oýny sahnalaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Maşgala syry” atly gülkili sahna oýny sahnalaşdyryldy

view-icon 5887
“Maşgala syry” atly gülkili sahna oýny sahnalaşdyryldy
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Yzzat Soltanowyň pýesasy boýunça goýlan “Maşgala syry” atly gülküli sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi uly üstünlige eýe boldy.

Özbek dramaturgy bu eserinde ähli döwürlerde we ähli halklarda çekeleşikli bolan gelin-gaýyn gatnaşyklaryna degişli meseläni gozgapdyr. Eger gelin, biziň mysalymyzdaky ýaly, çekinjeň bolmasa, onda gaýynene bilen düşünişmezlik howply derejä baryp ýetýär. Maşgalada parahatlykdyr ylalaşygyň höküm sürmegi üçin, “Maşgala syry” sahna oýnundaky erkekler bir mekirlige ýüz urýarlar, şonuň üsti bilen hem iki tarapy ýaraşdyrýarlar.

Eger-de oýundaky ulaltmalary aýyrsak, zalda oturan zenanlaryň köpüsi gahrymanlarda özlerini görerdiler. Dramaturg Yzzat Soltanowyň sahna oýnundaky ulaltmalarynyň bolup geçýän wakalaryň gülküliligini hasam güýçlendirmek üçin möhümdigi tomaşaçylaryň ählisine hem aýdyňdy.

Oýny goýan ýaş režissýor Baýram Garajaýew “Maşgala syry” sahna oýnuny aşa gysga wagtyň içinde – üç hepdede sahnalaşdyrmagy başardy, netijesi bolsa ajaýyp boldy. Režissýoryň döredijilik hyjuwyna aktýorlar ýardam berdiler. Toparyň öňünde diňe bir maşgala gymmatlyklarynyň goragyny tomaşaçylara ýetirmek däl-de, eýsem özbek halkynyň milli öwüşginini hem görkezmek wezipesi-de durýardy. Bu, aýratynam, üç aýal roluna degişlidi. Göçgünli gelniň roluny Anna Hommadowa oýnaýar. Sözüni gögertmegi iň esasy zat hasap edýän özdiýenli gaýynenäniň roluny Alina Andronowa ýerine ýetirýär. Gyzyň roluny Mariýa Durdyýewa oýnaýar – göwün beren ýigidi we tizden boljak toýy baradaky arzuwlaryna gark bolup, ol töwereginde bolup geçýän zatlaryň hiç birini-de görenok.

Ilki garaýyşda maşgaladaky erkekler (artistler Wýaçeslaw Lawin, Resul Nurymow, Merdan Nurmuhammedow) bitarap ýagdaýy eýeleýän ýaly görünýärler. Ýöne bu diňe göz üçin şeýle, aslynda, olaryň öýdäki aýallary adaty däl ýol bilen ýaraşdyrmak pikirleri bar.

Oýna gündogar öwüşginini, şatlyk we baýramçylyk howasyny berýän jadylaýjy etek köpçüligi özüne çekýän çykyş boldy. Adeliýa Nazarowanyň horeografiýasy we Begenç Kakaýew bilen Denis Wybornowyň saz bezegi saýasynda köpçülikleýin çykyşlar oýny bezedi.

 Tomaşaçylar maşgala gatnaşyklaryny berkitmek baradaky oýny onuň özünden soň galdyran täsirine düşünmek bilen kabul etdiler.

– Ýaňy Daşkentden çagyrylan aktýorlar oýnadymy? – diýip, zaldan çykyp barýan tomaşaçylaryň biri gyzyklanyp sorady.

– Ýok, haw! Puşkin teatrynyň aktýorlary şeýle üýtgeşik görnüşe girdiler – diýen jogap çar ýandan eşidildi.

Özbek mentalitetini beýan etmekde aktýorlyk ussatlygyny iň gowy kesgitleýän zat şu iki agyz gepleşikdir.

Režissýor Baýram Garajaýewiň döredijilik sanawynda bu – eýýäm dördünji oýun. Ilkinji üç oýun: “Aladdin”, “Edermen towşan” we “Grinç” ertekileri çagalara niýetlenendir. “Maşgala syry” atly gülkili sahna oýny režissýoryň uly ýaşly tomaşaçylar üçin ilkinji goýan oýnudyr. Ýöne Baýram Garajaýewiň oýunlarynda haýsy tema gozgalsa-da, ählisine-de uly üstünlik garaşýar.