Ï Pýer Tilua Türkmenistan hakynda aýdym ýazmakçy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pýer Tilua Türkmenistan hakynda aýdym ýazmakçy

view-icon 3557
Pýer Tilua Türkmenistan hakynda aýdym ýazmakçy

Ýurdumyz hakynda saz eserini ýazmak maksady bilen material ýygnamak üçin Türkmenistana gelen fransuz kompozitory Pýer Tilua Aşgabatdaky Fransiýa institutynyň diňleýjileri bilen duşuşdy.

Fransiýanyň medeniýeti we taryhy barada gyzyklanýan çagalar üçin bu ýurdumyzyň döredijilik wekili bilen geçirilen söhbetdeşlik dil tejribesini ýokarlandyrmak babatda hem ähmiýetli mümkinçilik döretdi. Şonuň üçin hem olar garaşylşy ýaly, derrew Piýere dürli sowallary berdiler.

Pýer Tilua sowallara jogap berip, binagärler maşgalasynda dünýä inendigini, çagalykdan kosmonawt bolmagy arzuw edip, aýdym-saz hakynda pikir hem etmändigini gürrüň berdi. Şeýle-de bolsa ýaşlygynda ol deň-duşlarynyň köpüsi ýaly, rok görnüşli sazlaryny halaýardy, şonuň üçin hem saz bilimi bilen gyzyklanyp, öwrenip başlady. Ol diňe bir aýdym aýtman, eýsem aýdym ýazmak bilen hem meşgullanýardy. Ol pursatdan peýdalanyp, diňleýjileri rok görnüşde irki döwürde döreden eseriniň ses ýazgysy bilen tanyşdyrdy.

– Ýöne tiz wagtdan rok görnüşli saz eserlerini halaýanlaryň çäklidigine düşündim, adamlaryň köpüsi gaty sesli saz eserlerini däl-de, owazly sazlary halaýarlar. Meniň özüm hem şol köplügiň wekili.

Türkmenistan hakynda saz ýazmak pikiri nähili döredi?

– Men dünýä ýurtlarynda köp çykyş edýärin. Bir gezek halkara bäsleşikleriniň birinde bir türkmen sazandasynyň dutarda çalan sazyny diňlemek miýesser etdi. Men dutar sazynyň maýyly boldum. Dutar, hamala, sazanda bilen söhbet edýän ýalydy. Onsoň men bu hakynda saz eserini ýazmagyň kül-külüne düşdüm.

Dürli halklaryň medeniýetini öwrenmegi halaýaryn. Braziliýada bolanymda, «Brazilýana» Konsertini döretdim. Kitaplar arkaly sopuçylyk ýolunyň welisi Jelaleddin Rumy bilen tanşanymdan soň, Orta asyrlarda ýaşap geçen bu şahsyň hormatyna saz ýazdym (ol diňleýjileri bu eseriň bir bölegi bilen tanyşdyrdy).

– Jelaleddin Ruma bagyşlanan sazyňyz täsirli çykypdyr, ýöne ýurdumyz hakynda saz nähili bolar diýýärsiňiz?

– «Üç muşketýoryň» başdan geçirmeleri bilen Gorkut Ata eposlarynyň arasynda ortak bir zat. (Bu jogap hemmäni geň galdyrdy. Dogrusy, Aleksandr Dýumanyň gaýduwsyz gahrymanlarynyň mysalynda önüp-ösen we gadymy eposyň rowaýatlary bilen tanşan kompozitordan başga näme garaşjak?! Diňe sazly erteki döreder diýäýmeseň!)

Täze eseriňiz haçan taýyn bolarka?

– Ýylyň ahyryna - noýabr aýyna çenli gutarjak bolaryn.

– Siziň durmuşyňyzda esasy gyzyklanmaňyz näme?

– Durmuşda iki gyzyklanmam bar – saz eserini ýazmak bilen nahar bişirmek. Olaryň ikisinden-de menem, dost-ýarlarymam hoşal. Tagamlarymyň aglabasy köp wagty talap edýär, menem olary taýýarlamaga sarp edýän wagtyma gynanamok.

 Türkmen milli naharlarynyň haýsysyny has haladyňyz?

– Palowy.

– Ýurdumyzda bolan döwrüňiz Siz durmuşymyzyň esasy aýratynlyklary bilen tanyşdyňyz. Medeniýetimizi baýlaşdyrar diýip umyt edýän eseriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

– Menem şeýle umytda.