Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Arkadag şäheri - geljegiň şäheri» atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Aşgabatda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary, talyplary, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, institutyň okuw işleri boýunça prorektory G.Ýusupowa, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň professorlary we mugallymlary çykyş etdiler.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň özboluşlylygy nygtaldy, onda ajaýyp Watanymyzyň iň gözel künjekleriniň birinde peýda bolan has döwrebap we ösen şäher hakda okyjylar köpçüligine gürrüň berilýär. «Akylly» täze Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda neşir edilen «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly täze kitap şanly dabara mynasyp sowgat boldy.
Kitapda şäheriň gurluşygy, ýerine ýetirilen gurluşyk işleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Ýokary derejede çap edilen neşirde döwrebap binalaryň we desgalaryň aýratynlyklaryny şekillendirýän owadan fotosuratlar ýerleşdirilen. Kitap üç dilde - türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi, bu bolsa ony giň okyjylar köpçüligine, şol sanda daşary ýurtly okyjylara elýeterli edýär.
Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherine durmuşyň ähli ugurlarynda ýokary tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyndan ugur alýan ýurdumyzyň ykdysady, ylmy we tehnologiki ösüşiniň subutnamasy hökmünde altyn harplar bilen Türkmenistanyň häzirki taryhynyň ýyl ýazgylaryna giren «geljegiň şäheri» diýse bolar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň hem «akylly» Arkadag şäherini gurluşygynyň taslamalaryny hem-de maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşandyklary buýsanç bilen bellendi. Munuň özi türkmen ýaşlaryna ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, innowasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak üçin mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň görkezýär.
Duşuşygyň barşynda sanly çözgütler we intellektual mümkinçilikler, «akylly» öýleriň hem-de şäherleriň geljekki taslamalary, bilimde we ylymda, sanly ykdysadyýete innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki ylmy barlaglaryň mümkingadar ugurlary babatda pikir alşyldy.
Arkadag şäheriniň häzirki zaman dünýä şäher gurluşygynyň merjenleriniň biri, şäher infrastrukturasynyň toplumlaýyn ösüşine iň jogapkärli döwlet çemeleşmesiniň mysaly boljakdygyna ynam bildirildi. Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar esaslandyryjysynyň buýsançly ady dakylan Arkadag diýlip atlandyrylan täze şäheriň diňe bir adamlar üçin oňaýly we amatly ýere öwrülmän, eýsem bilim, medeniýet, ylym we giň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy merkezleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirdiler.