Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy G.Saparowa Merkezi Aziýanyň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda hünär boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşýar. Çäre Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersitetinde 7 – 15-nji ýanwar aralygynda geçirilýär.
Türkmen mugallymynyň hünär ýokarlandyryş okuwy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy.
Okuw maksatnamasy umumybilim sapaklaryny, toparlaýyn okatmagyň görnüşlerini, şeýle hem medeni aň-bilim we beýleki çäreleri özünde jemleýär.
Daşary ýurt dili hökmünde koreý dilini okatmagyň häzirki zaman mugallymçylyk usullaryny ornaşdyrmak, okuw işiniň mazmunyny hem-de mugallymlaryň tejribesini baýlaşdyrmak okuwlaryň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Hünär maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üçin Kanwon milli uniwersitetiniň okuw-usulyýet serişdeleriniň esasynda koreý dilini öwrenmek hem-de ony okatmagyň öňdebaryjy we netijeli usullaryny iş ýüzünde ulanmak boýunça sapaklar geçilýär. Koreý halk ertekileriniň, medeni mirasa degişli gymmatlyklaryň hem-de asyl nusgadaky okuw serişdeleriniň ulanylmagy arkaly dili öwrenmegiň usullaryna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa talyplaryň diňe dil bilmek başarnyklaryny ösdürmän, eýsem, koreý halkynyň medeniýetine has çuňňur düşünmäge-de ýardam edýär.
Mundan başga-da, mugallymlar üçin hünär ýokarlandyryş okuwlarynyň maksatnamasynda koreý dili boýunça halkara TOPIK synagyna taýýarlanmaga, onuň talaplaryny jikme-jik öwrenmäge, talyplary soragnama synagyndan geçirmäge taýýarlamagyň netijeli strategiýalaryny işläp düzmäge, şeýle hem bilimlere baha beriş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen okuw-usulyýet sapaklary göz öňünde tutuldy.
Hemme çäreler koreý dilini okatmagyň usulyýetini ösdürmäge, mugallymlaryň hünär taýdan mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dil biliminiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi çärä gatnaşyjylar üçin bu maksatnamanyň aýratyn tejribeçilik hem-de ylmy-usulyýet ähmiýetini emele getirýär.
Şonuň bilen birlikde, maksatnamanyň geçirilmegi gymmatly mugallymçylyk tejribelerini alyşmaga, şeýle hem Merkezi Aziýanyň uniwersitetleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny hem-de dostlukly aragatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berýär.