Türkmenistanyň wekiliýeti Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçen Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy Maksatnamasynyň sebitleýin dolandyryş komitetiniň mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň saýtynda habar berlişi ýaly, Merkezi Aziýada hukugyň hökmürowanlygy Maksatnamasy (2020-2023) umumy gymmatlyklara we maksatlara esaslanýan Ýewropa Bileleşigi bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde işlenip düzülen. Maksatnamanyň esasy maksady, ýewropa we beýleki halkara ülňülerine laýyklykda adam hukuklaryny, demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirmek arkaly raýatlaryň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Maksatnama, her bir ýurduň aýratynlyklaryny we zerurlyklaryny göz öňünde tutýan çemeleşmä esaslanýar.
Bu çärä Merkezi Aziýa (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) ýurtlarynyň wekilleri, şol sanda prokuratura, kazyýet edaralarynyň, adalat ministrliginiň we Adalatçynyň diwanynyň wekillerinden ybarat wekilýetler gatnaşdylar. Duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa Geňeşiniň hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Hünärmenler adam hukuklary babatynda Merkezi Aziýanyň hukugyň hökmürowanlygy Maksatnamasynyň düzüjileri we usulyýetleri barada giňişleýin syn berdiler we bu ugurda tejribe alyşdylar.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekili hem adam hukuklaryna bagyşlanan bölümde çykyş edip, hukugyň hökmürowanlygyny üpjün etmek babatynda ýurduň öňdebaryjy tejribesini paýlaşdy, hususan-da, ýurtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeler, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň ýurtda adam hukuklaryny ilerletmek boýunça alyp barýan işleri bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.
Adalatçynyň diwanynyň wekili öz çykyşynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň, şeýle hem ýaňy ýakynda tassyklanan Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durnukly ösüş üçin kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmekdäki ähmiýetini belläp geçdi.
Çärä gatnaşyjylar bu ýygnagyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukugyň hökmürowanlygyny mundan beýläk-de ilerletmekdäki ähmiýetini belläp geçdiler.