Sirk sungatynyň aşgabatly muşdaklary bize Russiýanyň döwlet sirkiniň, Wernadskiý şaýolundaky Moskwanyň uly döwlet sirkiniň hem-de “Московский цирк Никулина на Цветном бульваре” sirkiniň artistleriniň gelendigini, şeýle hem myhmanlaryň Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny bilýärler. Indi bolsa olaryň ajaýyp çykyşlary dolan Türkmen döwlet sirkiniň sahnasynda üstünlikli geçýär.
Tomaşa darbazlar Ýekaterina we Waleriý Swežowyň çykyşy bilen açylýar. Olaryň owsunlaýjy oýunlary – Ýekaterinanyň sirkiň gümmeziniň astynda ýerine ýetiren “tanapy”, şeýle hem Waleriniň bilkastdan ýykylyşy we urgan bilen ýokaryk çykyşy haýran edýär.
Sahna aýy çagasy bilen Baýram Agaýew çykýar. Çaýşyk daban “artist” baş öwredijiniň ähli buýruklaryny takyk ýerine ýetirýär, ýöne ahyrda, gol gowşuryp kürsüde oturýar.
“Siziň adyňyz, familiýaňyz – türkmen, eýse nädip, Moskwa sirkine düşdüňiz??” diýip, berlen soraga Baýram çagalykdan sirkiň muşdagy bolandygyny we 1972-nji ýylda, 13 ýaşyndaka sirk mekdebine okuwa girmek üçin, Moskwa gidendigini, ýöne sirk studiýasyny tamamlandygyny we günlerde bir gün bir kärdeşine kömek etmek üçin, aýa ideg edip başlaýança, birnäçe ýyllap oýunbaz (žonglýor) bolandygyny aýtdy. Ana, şonda ol ýyrtyjy bilen gatnaşykda bolup biljekdigini duýýar we 1986-njy ýylda hünärini üýtgedip, baş öwrediji bolýar. 2012-nji ýylda ol Funtik atly aýyjyk bilen Aşgabada-da gelýär.
|
Ýene-de sirkiň gümmeziniň astyndaky giňişligi gimnastikaçy Alýona Swetkowa eýeleýär. Gimnastikaçynyň sahna çykyşy gyzykly boldy. Gimnastikaçy çykyşy bilen tomaşaçylary geň galdyryp, gümmeziň astynda guş ýaly erkin gaýýardy.
Hokgabazlar Wiktoriýa Hiliň we Nikolaý Spiranyň çykyşlary has-da täsirli. Olaryň çykyşyna ýöne ýerden “Illýuziýa” diýilmeýär. Nikolaýyň sözlerinden, illýuziýa enjamlaryny olar öz elleri bilen ýasapdyrlar we bu haýran galdyryjy tomaşa bilen indi 20 ýyl bäri çykyş edýärler.
Artistleriň tomaşaçylary geň-taň galdyrýan çykyşlarynyň yzy üzülmeýär. Şeýle-de bolsa, tomaşaçylar ýolbarsdyr gaplaňlaryň gorkusyz tälimçisi Rostislaw Gawrilýewiň çykyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Alabeder ýyrtyjylar yzly-yzyna meýdança çykýarlar we sekilerde öz ýerlerini eýeleýärler. Adaty tomaşa – bäş gaplaňyň hemmesi-de ýanýan halkadan böküp geçýär.
Haýwanlaryň şasy iň belent ýeri – sahna derwezesiniň teläriniň üstüni eýeläp, bolup geçýän zatlaryň hemmesini şol ýerden synlaýar.
Ing atly arslan 6 ýaşynda. Ol ýaş we beden taýdan sagdyn. Rostislawyň we ýyrtyjylaryň agzybir maşgalasynda iň gowy görülýändigi duýulýar. Rostislaw Gawrilýew ata-baba gelýän baş öwredijilerden. Çagalykdan bäri ýyrtyjylara ideg etmäge öwrenişen we olar bilen gatnaşygyny özara söýgi esasynda guraýar.
Masgarabazlar Andreý Žigalow we Oleg fon Suworow – sirk münberlerinde sirk orkestriniň sazandalarynyň paradyny guraýarlar.
Tomaşa Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary çykýar, şeýle hem “küştdepdi” halk tansy ýerine ýetirilýär.