Ï Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil-Adalatçy ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil-Adalatçy ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen duşuşdy

view-icon 4512
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil-Adalatçy ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili bilen duşuşdy

ÝHHG-niň Türkmenistandaky merkezi Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň esasy we ileri tutulýan halkara hyzmatdaşlaryndan biridir.

Bu barada Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil-Adalatçynyň ÝHHG-niň metbugat azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro bilen duşuşygynda aýdylandygyny Adalatçynyň saýty habar berýär. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde geçirilýän netijeli aragatnaşyklar we çäreler, ÝHHG-niň dürli gurluşlary bilen bilelikde alnyp barylýan üstünlikli işleriň we hyzmatdaşlygyň oňyn dinamikasynyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Duşuşykda Türkmenistanda ýurduň durnukly ösüşini we halkyň abadançylygyny üpjün etmek ýaly esasy maksat bilen durmuşa geçirilýän syýasy we ykdysady özgertmeleriň progressiw häsiýeti bellendi. Hanym Tereza Ribeýra Milli adam hukuklary institutynyň işleri we Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek üçin görülýän çäreler barada habar berildi. Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekil - Adalatçy, Ýazdursun Gurbannazarowa Adalatçynyň diwanynyň ýurtda adam hukuklaryny goramagyň hemme ugurlaryny öz içine alýan garaşsyz edaradygyny belläp geçdi we onuň işiniň adam hukuklaryny, şol sanda adamyň söz azatlygy we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde erkin maglumat almaga bolan hukuklarynyň goragyna gönükdirilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşygynyň dowamynda hanym Tereza Ribeýro adamyň söz azatlygyna bolan hukuklaryny goramak boýunça ýurtda alnyp barylýan özgertmelere ýokary baha berdi we bu iki garaşsyz guramanyň adam hukuklaryny goramakdaky möhüm orny barada belläp geçdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.