Ï «Kämilleşmegiň ädimleri» atly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Kämilleşmegiň ädimleri» atly maslahat geçirildi

view-icon 5457
«Kämilleşmegiň ädimleri»  atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de «Gujurly bilim merkeziniň» ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramaklarynda «Kämilleşmegiň ädimleri» atly maslahat geçirildi.

Geçirilen maslahatda aşakdaky temalar boýunça çykyşlar we pikir alyşmalar boldy:

– Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny mynasyp dabaralandyrmak;

– Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Ýaşlar syýasatyny wagyz etmek;

– Ýaşlaryň sowatly, köpugurly ýetişmegine, özlerine ynamy artdyrmagyna ýardam bermek;

– Ýaşlary döredijilige, ylym-bilime, innowasiýalara, zähmetsöýerlige, kitap okamaga höwes döretmek;

Bu maslahata meýilnamada görkezilenlerden başga-da isleg bildirýänler we ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar «Ýaşlar we ösüş», şeýle hem « XXl asyrda çaga terbiýesi» ýaly temalardan öz pikirlerini beýan etdiler.

Geçirilen maslahatlarda çykyş edenlere hem-de gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.