2023-nji ýylda Türkmenistanda bolup geçen esasy wakalaryň biri 29-njy iýunda döwlet ähmiýetli şäher diýlen özboluşly derejä eýe bolan ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasydyr.
Bu taryhy waka mynasybetli çäreleri beýan etmek üçin Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belgiýadan, Wengriýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Eýrandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Russiýa Federasiýasyndan, Rumyniýadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan we Ýaponiýadan halkara habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlaryň we internet-portallaryň 29-synyň wekilleri rugsatnama aldylar.
Olaryň arasynda «Россия-24», «Большая Азия», «CCTV», «TRT World», «TV Jahonnomo», «NHK», «Doordarshan», «Общественное телевидение Армении», «Uzbekistan-24», «Magyar Televizion», «KTRK» teleýaýlymlary, «France-Presse», «Xinhua», «IRNA», «Тренд», «Agerpress», «News Day Georgia», «Татар-информ» habarlar agentlikleri we beýlekiler bar.

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly ähli çäreleri türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleri onlaýn görnüşde ýaýlyma berdiler hem-de olar esasy habarlar meýdançalarynda ýerleşdirildi. Şu wagta çenli dünýäniň KHBS-inde täze şäheriň açylmagyna bagyşlanan iki ýüzden gowrak habar we wideoýordum beýan edildi.
Olarda täze Arkadag şäheriniň sanly, maglumat-kommunikasiýa we «ýaşyl» tehnologiýalaryň bilelikde jemlenen «akylly» şäheriň aýdyň mysalydygy bellenilýär. Bu ýerde milli binagärligiň iň gowy däpleri, binagärlik hem-de dizaýn boýunça häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly birleşdirilýär. Şäherde ekologiýa we tebigaty goramak babatda halkara ölçeglerine laýyk gelýän giňişleýin infrastruktura döredilen.
Arkadag şäheriniň durnukly ösüş, ekologiýa taýdan arassa we innowasiýa çözgütleri üçin 20-den gowrak halkara güwänamalaryna we baýraklaryna mynasyp bolmagy hem bu mega-taslamanyň ähmiýetini görkezýär.
«SNG.Today» neşiriniň habarçylarynyň we «МИР» döwletara teleradio kompaniýasynyň surata düşüriş toparynyň şu günler Türkmenistanda akkreditasiýa edilendigini bellemek gerek. Mundan başga-da, milli KHBS-niň hataryna täze «Arkadag» gazeti we adybir teleýaýlym goşuldy.