Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasy bilen ýaşlar syýasaty we saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrdy. Gahryman Arkadagymyz degişli başlangyçlary Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo bilen geçirilen gepleşiklerde öňe sürdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýaş nesliň jemgyýetiň we döwletiň bähbidine intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik we parlament düzümleriniň ösüşine uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglanyşyklylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda 2024-nji ýylda döwrebap «akylly» şäher gurluşygy boýunça türkmen we koreý jemgyýetçilik başlangyçlary forumyny geçirmegi teklip etdi.
Biziň lukmançylyk ugrunda-da uly mümkinçiliklerimiz bar. Şunuň bilen baglylykda, geljekde Türkmenistanda Adaty koreý lukmançylyk merkezini açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.